Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan beýik işleri yzygiderli we toplumlaýyn esasda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýyna laýyklykda, şeýle hem sebitde we dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyza goňşy we beýleki ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda taryhy we ynsanperwer umumylygy birleşdirýän milletler we döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu iki döwletiň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar ýola goýlup, şol sanda döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk giň gerimde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda iki döwletiň Liderleriniň Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelerine gatnaşmagy hem asylly däbe öwrüldi. Bu ugurda 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelmegi we şol ýylyň 25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet Baştutanlarynyň XVIII sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherine iş sapary bilen barmagy dost-doganlyk gatnaşyklaryň geriminiň artýandygynyň mysaly bolup durýar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde duran möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykda döwletara gatnaşyklarynyň söwda we ykdysady ulgamynda möhüm üstünlikler gazanyldy. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, türkmen-azerbaýjan hökümetara ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça topary döredildi.
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Onda söwdany artdyrmak we dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak mümkinçiligi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem toparyň mejlisinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alşyldy. Iki ýurduň degişli ministrlikleri we pudak edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tekliplere garaldy. Taraplar 2020-nji ýylda Bakuda geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň indiki VI ýygnagyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki ugrudyr. Ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmak Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň bähbitlerine hem doly laýyk gelýär. Bu ugurda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşygynyň (Lazurit Ylalaşygy) mümkinçiliklerini peýdalanmak möhümdir. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňizler, şeýle hem Ortaýer deňzi ýaly giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ösüşine ýardam edýän möhüm taslamalaryň biri bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugry hem «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmek bolup durýar. 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda bu ugurda degişli şertnama gol çekildi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi (Gruziýa) we Konstansa (Rumyniýa) portlaryndan daşalýan ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi. Duşuşygyň barşynda ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ulanmak we maglumat alyş-çalşyny ýeňilleşdirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmek, esasanam, tehniki meseleleri öwrenmek üçin hünärmenler toparyny döretmek teklip edildi. Şeýle hem deňiz portlaryndan peýdalanýan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça utgaşdyryjy komitetiň döredilmegi baradaky resminamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Buharest Jarnamasy kabul edildi.
Iki doganlyk döwletleriň parlamentara gatnaşyklarynyň hem gerimi barha giňelýär. Bu babatda 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Azerbaýjan Respublikasyna guralan sapary hem hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we özara tejribe alyşmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has möhüm bölegini medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Iki döwletiň halklary dünýä taryhyna güýçli täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni-taryhy miraslaryny saklap gelýärler. Olar özleriniň milli özboluşlylygyny, dini ygtykatlaryny, dilini, gaýtalanmajak medeniýetini we gadymyýetden dowam edip gelýän ruhy gymmatlyklaryny saklap gelmek bilen, özleriniň şöhratly hem baý geçmişlerine buýsanmaga haklydyrlar.
Iki doganlyk halkyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti hökmünde ýüze çykýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna nobatdaky resmi sapary dost-doganlyk gatnaşyklaryň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýardam eder.
Akmuhammet JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
12.03.2020ý.