Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan ýurdumyz halkara giňişliginde umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde özüni tanatdy. Sebäbi hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly dünýäde hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna berk eýermek milli Liderimiziň daşary syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, ösüşleriň nurana ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň, parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ýörelgelerini berjaý edýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Bu bolsa öz nobatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň kämillik ýoluny geçen pähim-paýhasyna, milli ýörelgelerine, edim-gylymlaryna doly laýyk gelýändigini, dünýä bileleşiginiň ählumumy ösüş hereketlerini üpjün etmekde öňde goýýan möhüm wezipelerine abraý bilen hötde gelmekdäki tagallalar bilen sazlaşykly utgaşýandygyny tassyklaýar. Şonuň üçinem hemişelik Bitaraplygymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüne eýedigini buýsanç bilen nygtap bolar. Gahryman Arkadagymyz onuň giň mümkinçiliklerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň diňe bir milli bähbitlerine däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda işjeň herekete girizmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýerýän döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, olaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Dünýä döwletleri bilen ykdysadyýetde, syýasatda hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda alyp barýan halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk ýörelgelerine berk eýerýär. Diýmek, ýurdumyz özara gatnaşyklaryň şeýle ugurlaryna ýurtlaryň hem-de sebitleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, möhüm başlangyçlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçinem ata Watanymyz beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynda olaryň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny hormatlaýar. Muňa halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajyp serişdeleri hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkara derejeli dürli çäreleriň dowamly geçirilýän ajaýyp mekanyna öwrülen hemişelik Bitarap Diýarymyz dünýä halklarynyň arasynda ruhy gymmatlyklaryň ýaýylmagyna, köpöwüşginli medeniýetleriň baýlaşmagyna uly itergi berýär. Durmuşa geçirilýän şunuň ýaly tutumlar hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini ählumumy bähbitlere gönükdirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýändiginiň mizemez subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan şeýle işler döwletimiziň halkara abraýyny täze belentliklere göterýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy senesi mynasybetli bagtyýar ýaşlaryň arasynda geçirýän dürli dabaraly çärelerimizde şeýle buýsançly hakykatlar dogrusynda giňişleýin durup geçýäris.
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyryp, hemişelik Bitaraplygymyzyň oňyn ýörelgelerini dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
“Nesil” gazeti,
19.03.2020ý.