Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 9-nji orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Dil bilen dünýäni gezer” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlary taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň arasynda daşary ýurt dillerine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik hemmeler üçin örän täsirli boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Çynar Jumaýewa 1-nji orna, Maýa Amanmyradowa 2-nji orna, Azat Allanurow 3-nji orna mynasyp bolup, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulsapar RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.