Ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda uly aladalar edilýär. Çagalaryň, mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda dünýäde ykrar edilen tagallalar, lukmanlaryň we ýörite hünärmenleriň maslahatlary iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Çagalaryň dogry iýmitlenmegini, saglygyny berkitmegini hem-de boş wagtlaryny medeniýetli geçirmegini we dynç almagyny gazanmakda gün tertibini düzmegiň ähmiýeti uludyr.
Gün tertibi — bu günüň dowamynda ediljek işleriň belli bir wagta bölünmegidir. Gün tertibi çagalaryň sagdyn ösmegine, okuw işlerini dogry guramagyna, wagtlaryny manyly geçirmegine ýardam edýär. Bellenilen wagtda uklamak hemde oýanmak ukyny doly we rahat almaga ýardam edýär, günüň belli bir sagatlarynda iýip-içmek aşgazanyň işini ýeňilleşdirýär, özüňi ýeňil duýmaga kömek edýär. Dogry düzülen we ýerlikli ulanylýan gün tertibi uly terbiýe mekdebi bolup, ol çagalara kiçilikden zerurdyr. Gün tertibine endik eden çaga her bir zady wagtly-wagtynda ýerine ýetirýär. Ol öz wagtyny tygşytly ulanyp, özüni özi terbiýeleýär. Gün tertibini dogry berjaý edýän çagalar okuwda işjeňlik görkezýärler, ýadawlygy duýmaýarlar. Olar mekdebiň içki tertip-düzgünini hem doly we dogry berjaý edýärler. Çagalar ulaldyklarysaýyn öz gün tertibini guramagy öwrenmelidirler. Ol okuwçynyň saglygyna uly täsir edýär. Biz hem okyjylara hünärmenler tarapyndan maslahat berilýän gün tertibiniň nusgasyny hödürleýäris:
7:00-da ukudan oýanmak.
7:00-dan
7:20-ä çenli irki beden maşklaryny ýerine ýetirmek, ýorgan-düşegi ýygnamak, ýuwunmak, ýatylýan otagyňy tertibe salmak.
7:20-den 7:30-a çenli ertirlik edinmek.
7:30-dan 7:50-ä çenli mekdebe gitmek.
7:50-den 8:00-a çenli okuwdan öň beden maşklaryny ýerine ýetirmek.
8:00-dan 13:30-a çenli mekdepde okuw sapaklary bilen meşgullanmak.
13:30-dan 14:00-a çenli mekdepden öýe gaýtmak.
14:00-dan 15:30-a çenli günortanlyk naharyny edinmek.
15:30-dan 16:00-a çenli günortanlyk naharyndan soňky az wagtlyk dynç alyş.
16:00-dan 16:30-a çenli daşarda arassa howada gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak, hereketli oýunlary oýnamak.
16:30-dan 17:00-a çenli öýlänki guşluk edinmek.
17:00-dan 18:30-a çenli mekdepde öýe tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirmek.
18:30-dan 19:00-a çenli daşarda arassa howada gezelenç etmek.
19:00-dan 19:30-a çenli agşamlyk naharyny edinmek.
19:30-dan 20:30-a çenli özbaşdak işler bilen meşgullanmak üçin boş wagt (kitap okamak, saz we aýdym diňlemek, maşgalada öý işlerine kömekleşmek).
20:30-dan 21:00-a çenli gijeki uka taýýarlyk görmek (egin-eşikleri, aýakgaplary arassalamak, dişiňi ýuwmak, ýatylýan otagy ýelejiretmek).
21:00-dan 7:00-a çenli gijeki uky.
Wagt belläp, her bir işi şol wagtda ýerine ýetirmek çaganyň saglygy üçin-de, işe ukyplylygynyň ösmegi üçin-de peýdalydyr. Gün tertibi diňe kiçi ýaşly okuwçylar üçin däl, ulular üçin hem wajypdyr. Işleri ýerine ýetirmek üçin belli bir wagty we amatly ýeri saýlap almak zerurdyr. Hünärmenler akyl zähmeti bilen meşgullanmak üçin irden 8:00-dan 12:00-a çenli ýa-da öýlän 16:00-dan 18:00-a çenli aralygy maslahat berýärler. Bu sagatlar adamyň iň öndürijilikli zähmet çekýän wagty hasaplanýar. Şeýle hem her 40 — 50 minutdan 10 — 15 minutlyk arakesme etmek, hat ýazylýan stoluň başynda işlemek, işden soň arassa howada gezmelemek, sagdyn iýmitlenmek maslahat berilýär.
Çagalara gün tertibiniň ähli düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek wajypdyr. Şonuň üçin ululary çagalaryň gün tertibini gözegçilikde saklamaga we olara görelde görkezmäge çagyrýarys.
“Nesil” gazeti,
28.03.2020ý.