Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar bu pudagyň okgunly ösüşini nazarlaýar. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýalary we täze görnüşli paýlaýjy kiçi elektrik beketleriniň onlarçasy ulanylmaga berildi, müňlerçe kilometr uzynlykda elektrik geçiriji ulgamlar çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde giň gerimli energetika düzümleriniň döredilmeginiň hem-de işiniň kämilleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýär. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça energetika pudagynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän ilkinji buggaz elektrik bekediniň işe girizilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu döwrebap elektrik bekedi Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artmagynda möhüm orun eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezdi. Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.
Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerine baý döwletleriň biridir. Elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, bu pudaga maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depgin bilen ösýär we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrýar. Pudagyň kuwwatynyň ýokarlanmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberini mundan beýläkde artdyrmaga ýardam eder. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň dünýäniň energetika pudagynyň ösüşi üçin hem ähmiýeti uludyr.
Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Gülşat ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
31.03.2020ý.