Ýiti respirator ýokanjy bütin dünýäde çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň arasynda iň köp duş gelýän keselleriň biridir. Ýiti respirator kesellerini aglaba ýagdaýda wiruslar döredýär. Ýöne soňra wiruslaryň üstüne bakteriýalar hem goşulyp, agyr gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Olar, esasan, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlar bilen ýüze çykýar.
Keseliň alamatlary: bokurdagyň agyrmagy, ysytma, üsgülewük, kellagyry, bedeniň gowşamagy. Bu alamatlar peýda bolan ýagdaýynda, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Islendik ýokanç keselden, şol sanda ýiti respirator ýokanjyndan goranmak hem möhümdir. Munuň üçin ýiti respirator ýokançlarynyň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän düzgünleri berjaý etmek ýeterlikdir:
— üsgürýän, asgyrýan adamlara ýakynlaşmakdan saklanmaly;
— ähli maşgala agzalaryndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň teklip eden öňüni alyş sanjymynyň geçirilmegini gazanmaly;
— adamlaryň köp üýşýän ýerine barmakdan gaça durmaly;
— hemişe ýanyňda çygly süpürgiçleri saklamaly, ýagny wirusyň eller arkaly ýokuşmak howpy dörän ýagdaýynda elleriňi çygly süpürgiç bilen süpürmeli;
— daşardan geleňde nahardan öň we soň elleriňi sabynlap ýuwmaly;
— ýaşaýan jaýyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik edip durmaly;
— her gün 3-4 gezek otaglaryň içini ýelejiredip, çyg esgi bilen arassalap durmaly;
— dem alyş ýollaryny yzygider çyglandyryp durmaly, duzly ergini, oksolin melhemini ulanmaly;
— arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli: ýaşaýan ýeriňi, bedeniňi, egin-eşigiňi, ýorgan-düşegiňi, gap-gajyňy arassa saklamaly;
— witaminlere, mikroelementlere baý bolan gök önümlerdir miweler bilen iýmitlenmeli;
— dogry iýmitlenmek, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, gün tertibini dogry guramak arkaly immunitetiňi güýçlendirmeli.
Aýsoltan IŞANGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
“Nesil” gazeti,
04.04.2020ý.