SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Döwlet adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ma­gy ýur­du­myz­da her bir ada­myň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler­de aýdyň ýü­ze çyk­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy­nyň gör­ke­zi­ji­ler top­lu­my is­len­dik ýurt­da ila­tyň ýaşaýyş-durmuş de­re­je­si­niň hi­li­ni, dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni hä­si­ýet­len­dir­ýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi esasynda Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara ornuny pugtalandyrýar, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi hil taýdan täze basgançaklara galýar. Ýurdumyzda saglygy gorap saklamagyň we berkitmegiň esasy ýollaryny wagyz etmäge, dürli ýaşdaky adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Işjeň ýaşaýyş-durmuş kadalaryny, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşi goldamak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady döwrebap derejede pugtalandyrylýan milli sport ulgamy raýatlarda irki çagalyk döwründen beden taýdan işjeň durmuşy alyp barmagyň endiklerini we ukyplaryny terbiýelemäge, olary ýaşy ulaldygyça kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny rejeli geçirmekde, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda milli saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär, hukuk binýady berkden tutulýar. Agzalan ugurlarda işgärleriň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi, hünärmenleriň durmuş goraglylygynyň güýçlendirilmegi üns merkezinde saklanylýar.

Şeýle hem bilim ulgamynyň çäklerinde hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda bedenterbiýe we sport arkaly beden, aň we ahlak ukyplaryny ösdürmäge giň ýol açylýar. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga hukugy kepillendirilýär. Ýurdumyzda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi, Bütindünýä saglyk gününiň halkara bileleşigi bilen birlikde dabaraly bellenilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuş maksatly içeri we daşary syýasy strategiýasyndan ugur alýar.

Her ýylyň 7-nji aprelinde Ýer ýüzüniň aglaba döwletlerinde baş baýlygyň — Bütindünýä saglyk gününiň aýratyn bellenmegi asyrlara uzaýan taryhdan gözbaşyny alýan, gymmatly tejribe bilen baýlaşan, işjeňlik ruhuny özüne siňdiren hem-de ösüşleriň täze belentlikleriniň sakasyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýär. Bu halkara sene parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sportuň we ynsanperwerligiň wagyzçysy bolup, agzybirligi hem-de jebisligi berkitmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga, sport ulgamynda ýetilen sepgitleri jemgyýetçilige ýaýmaga hyzmat edýän medeni, bedenterbiýe we sport çäreleri giňden ýaýbaňlanýar.

Türkmenistanyň sport çärelerini diňe bir milli däl-de, eýsem, halkara derejesinde ýokary guramaçylykly geçirmekde, netijede, parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklarynyň çäklerini giňeltmekde baý tejribe toplandygy mälimdir. Munuň üçin ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda, sport ulgamyny ösdürmek maksatly iri maýa goýumlaryň akymy güýçlenýär, dünýä standartlaryna kybap derejede gurlan köp sanly sport merkezleri, atçylyk sport toplumlary, Golf sport toplumy, stadionlar hem-de beýleki sport desgalary hereket edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralyndaky «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde welosiped sportuna bagyşlanan uly ýadygärlik toplumy gurulýar.

Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda her ýylyň 3-nji iýuny — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Sportuň bu görnüşi bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek bilen bir hatarda, jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň hem kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär

Jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda durnuklylygy üpjün etmek, sazlaşykly ösüşi gazanmak, halkyň saglygyny gorap saklamak maksady bilen, keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar hem bina edildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sagdyn ýaşaýşy alyp barmak, halkyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny üpjün etmek üçin mundan-da beýläk zerur şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bularyň ählisi Watanymyzy sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ynamly goşmaga giň mümkinçilikleri açmak bilen, ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we belent üstünlikleriň bähbitlerine gönükdirilen sport syýasatynyň dabaralanmasyna öwrülýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti we başga-da birnäçe halkara we sebitara sport guramalary bilen özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Döwletimiziň ynsan saglygyny berkitmek, onuň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda örän jogapkärli wezipesini hakykat ýüzüne ornaşdyrmagynyň barşynda gazanýan üstünliklerine buýsanyp, sagdyn durmuşyň talaplaryny gündelik ýerine ýetirmek we öz saglygyň üçin raýdaşlyk jogapkärçiligini duýmak raýat hökmünde her birimiziň borjumyza, aýrylmaz endigimize öwrülmelidir. Munuň özi sagdyn maşgalanyň, galyberse-de, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde esasy orny eýeleýär. Arassaçylygyň, dogry iýmitlenmegiň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, zyýanly endiklerden gaça durmagyň, sport bilen meşgullanyp, medeniýetli dynç almagyň, özara hoşniýetli gatnaşykda bolmagyň özi-de sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir.

Gülälek TANGIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

07.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU