SPORT — PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ILÇISI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň sagdyn bedenli kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrylmagyna we türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredilýär, sport dünýä derejesinde kämilleşdirilýär.

Sport diňe bir fiziki taýdan kämilleşmek, ýa-da bäsdeşlik meýdançasy bolman, eýsem, halklary, döwletleri we yklymlary birleşdirýän ählumumumy dil hökmünde çykyş edýär. Sport çäreleri, esasan-da, Olimpiýa oýunlary we Aziýa oýunlary ýaly halkara ýaryşlar, dürli medeniýetli we garaýyşly adamlary bir meýdançada jemleýär. Sportuň esasy gymmatlygy onuň özara hormat, ylalaşyk we adalatly bäsdeşlik ýörelgelerini öz içine almagyndadyr. Sportuň esasy maksady uly ýeňişlere ýetmek bilen bir hatarda, dünýäde parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleri bilen berk baglanyşykly bolan sport syýasaty, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti barada birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi, sportuň bäsdeşlikden has ýokary ähmiýete eýe bolup, halkara gatnaşyklaryň we ylalaşygyň gurşawyny giňeldýändigini subut edýär.

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine berilýän uly üns, asylly maksada — sagdyn, ruhubelent we parahatçylyk söýüji nesli kemala getirmäge gönükdirilendir.

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.