Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçýän çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda Marynyň «Merw» toparyny 2:1 hasabynda utdy.
Duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Bu duşuşyga çenli garşydaşlar häzirki milli çempionatda özara üç gezek duşuşdylar. Duşuşyklaryň ikisinde hem «Şagadam» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy we diňe «Merw» toparynyň ikinji tapgyrda öz meýdançasynda oýnan oýny 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlanypdy.
Dördünji gezek ýüzbe-ýüz bolan duşuşygynda «Merw» toparynyň futbolçylary, duşuşygyň her ýarymynda bir gol goýbermek bilen, Hazar ýakasyndan gelen topara mynasyp garşylyk görkezip bilmediler. At gazanan tälimçi Aly Gurbanynyň toparyna ýeňşi Musa Nurnazarowyň (31-nji minut) we Röwşen Baýlyýewiň (90+5) salan toplary getirdi.
Mundan soň «Şagadam» topary utugy boýunça üçünji orunda barýan «Ahal» topary bilen deňleşdi. Iki toparyň hem 36 utugy bar. Ýöne «Ahal» topary 19 oýun, «Şagadam» topary bolsa ondan iki oýun artyk oýnapdyr. Ýaryş sanawynyň ikinji ornuny 22 oýundan soň 40 utuk toplan «Altyn asyr» topary eýeleýär. Milli çempionatda 21 oýundan soň iň köp ‒ 63 utuk gazanan «Arkadag» topary öňde barýar.
14-nji gezek utulan «Merw» topary 11 utuk bilen yzdan ikinji orny eýeleýär, ol paýtagtyň «Köpetdag» toparyndan bir utuk öňde.
Hüjümçileriň bäsleşiginde «Arkadag» toparynyň 20 top salan (1- jerime urgusyndan) oýunçysy, soňky iki çempionatyň iň gowy «mergeni» Didar Durdyýew sanawda öňde barýar. Ondan soňky üç orny bolsa onuň topardaşlary Begenç Akmämmedow 17 (1 jer. urg.), Altymyrat Annadurdyýew 16 (1 jer. ur.) we Şamämmet Hydyrow 9 (1 jer. ur.) dagy eýeleýär.
turkmenistan.gov.tm












