SPORT —ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY WE SAGDYN JEMGYÝETIŇ NYŞANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ulgamyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, stadionlar, türgenleşik merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär.

Sport adam durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ol diňe bir bedeniň kämilligini däl, eýsem, ruhuň, ýüregiň we pikirleriň hem sazlaşygyny üpjün etmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň özeni bolup durýar.

Olimpiýa oýunlarynda, Aziýa çempionatlarynda, dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlary gazanýan türgenlerimiziň üstünlikleri ýaş nesli täze belentliklere ruhlandyrýar.

Sport jemgyýetiň sagdyn ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Sport bilen meşgullanýan adam ygrarly, zähmetsöýer bolýar.

Sport döredijiligi, dost-doganlygy, parahatçylygy we halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary güýçlendirýär. Şonuň üçin hem her bir ýaş türkmen raýaty sagdyn durmuş ýörelgesini eýermegi, sport bilen meşgullanyp, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy uly ähmiýete eýedir. Çünki sagdyn nesil — ýurt ösüşiniň diregi, geljegiň ynamly kepilidir.

Garaja HAJYBERDİÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň habarçysy.