Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, suw toplumlary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi halkymyzy, esasan hem ýaşlary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmäge ýardam edýär.
Sport bagtyýarlygyň hem-de ruhubelentligiň esasydyr, üstünlikleriň we rowaçlygyň gözbaşydyr. Bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda ruhy taýdan baý we beden taýdan sagdyn nesiller kemala gelýär.
Sportuň basketbol, woleýbol, futbol ýaly görnüşleri ýaşlarda hereket çalasynlygyny kämilleşdirýän bolsa, erkin göreş, boks, karate gaýduwsyzlygy, mertligi, çydamlylygy kemala getirýär. Şonuň üçin hem, sportuň dürli görnüşlerine höwesjeň ýaşlaryň gyzyklanmasynyň artýandygy has-da buýsandyryjydyr.
Sport bilen yzygiderli meşgullanan adam şähdaçyk, ruhubelent we işjeň bolýar. Bu bolsa, adamyň gündeki edýän işleriniň rowaçlanmagyna, işe ukyplylygynyň has hem artmagyna goldaw berýär.
Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.












