SPORT WE ÝAŞLAR

Sport ynsan durmuşynda möhüm orna mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty diňe bir Türkmenistan diýarymyzyň çäginde däl-de, eýsem halkara derejesinde hem ýokary derejede ösdürilmegine gönükdirilen taryhy işleri amala aşyrýarlar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda hem gazanylýan üstünlikleriň owazasy dünýä dolýar. Türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem, türkmen sportunyň bütin dünýäde dabaralanýandygyna göz ýetirmek bolýar. Sebäbi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketine işjeň gatnaşmaklary netijesinde, olaryň Döwlet we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmeklerine şert döredýär. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin hem, bagtyýar we ruhubelent ýaş nesiller türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 11 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR

10 Noýabr 2025 | 33 okalan

SPORT — BEDEN WE RUHY SAGDYNLYK