BEREKETIŇ BAÝRAMY TOÝLANDY

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň foýesinde ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde daýhanlarymyzyň çeken yhlasly zähmetiniň hormatyna giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk söhbetdeşligi «Harmanyňyza bereket edermen babadaýhanlar!» diýlip atlandyryldy.

Ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmek, ylmy esasda alyp barmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleri, ýurdumyzyň azyk bolçulygy babatynda ýerine ýetirilen buýsançly çykyşlar Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we dutarçylar toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşyp, oňa gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Beýzaly ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar