SPORT – SAGLYK WE RUHUBELENTLIK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, şol mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda, ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen «Sport – saglyk we ruhubelentlik» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen geçirilen bu sport bäsleşigi örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar ýaşlar, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýazjemal BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 3 okalan

SPORT – SAGLYK WE RUHUBELENTLIK

11 Noýabr 2025 | 34 okalan

BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR