MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 10-njy orta mekdebinde ýaşlarda gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgini döretmek maksady bilen ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň buhgalteri Uzuk Hommatdurdyýewa, Wekilbazar etrabynyň merkezi kitaphanasynyň direktory Mähri Kulyýewa, Wekilbazar etrap merkezi kitaphanasynyň Mollanepes geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Mähri Annaýewa, Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulbagt Gylyjowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ynsanyň dünýäsine ylham nuruny çaýýan kitabyň ähmiýeti barada söz açyp, kitap okamaklygyň pähimiňi goýaldyp, pikirleniş ukybyňy ösdürýänligini nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, ylym bilen meşgullanmagy üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljan ŞABASANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2025 | 4 okalan

TEBIGAT WE BIZ

18 Noýabr 2025 | 8 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 40 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI