«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ ÇÄRJEW ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 41-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň hem-de Çärjew etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde okuwçy oglanlar üç şert boýunça bäsleşip, berkarar döwletimizi, parahat durmuşy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de şorta sözleri aýdyşyp, öz döredijilik ukyplaryny görkezmegi başardylar. Bäsleşikde gelnen netijelere görä, I orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Marzullaýew Alijan, II orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Rozyýew Alişer, III orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Agamuradow Ramazan mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsançlaryny özleriniň goşgudyr, aýdymlarynyň üsti bilen çeper beýan etdiler.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar