Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, olaryň sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi — geljege ynamyň berk binýadydyr. Her bir ýurduň ösüşi we güýji sagdyn, watansöýüji hem maksatlaryna wepaly nesle baglydyr. Sport beden saglygyny berkitmekde, güýç-kuwwaty artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar çeýeligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ýeňiş gazanmak ugrundaky çydamlylygy we özüne bolan ynamy kämilleşdirýärler. Şeýle häsiýetler bolsa geljege ynam bilen gadam basmaga ýol açýar.
Ýurdumyzda döredilen döwrebap stadionlar, sport toplumlary, zehinli ýaşlar üçin okuw-türgenleşik merkezleri ýaşlaryň ukybyny ýüze çykarmaga giň şert döredýär.
Sportuň jemgyýetçilik ähmiýeti hem örän uludyr. Sport ýaşlarda agzybirligi, dostlugy, jogapkärçiligi ösdürýär. Şeýle-de sport ýaşlaryň erkin pikirlenmegine täsir edýär.Şonuň üçin ýaşlary sporta höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, olaryň ukybyny goldamak — ata-eneleriň, mugallymlaryň we tutuş jemgyýetiň mukaddes borjudyr. Sagdyn ýaşlar Watanyň geljegi, döwletimiziň güýç-kuwwatynyň daýanjydyr.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












