SPORT ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi diňe bir bedenterbiýäni wagyz etmek däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine, ýaşlaryň ösüşine we jemgyýetde sagdyn durmuş kadalarynyň berkidilmegine gönükdirilen ylmy esasly, strategik ugur bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sport ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, türgenleriň taýýarlyk derejesini halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde sport meýdançalary, stadíonlar, türgenleşik merkezleri hem-de okuw-amaly sport toplumlary täze tehnologiýalara esaslanyp gurlup ulanmaga berilýär.

Sport jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm guraly hökmünde hem aýratyn ähmiýete eýe. Türkmenistan halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, dünýä derejeli ýaryşlara giňden gatnaşýar. Bu çäreler ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, özbaşdak syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini älem-jahana ýaýmaga mümkinçilik berýär.

Ýaş nesliň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň syýasy we jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen sport aýratyn strategik orny eýeleýär. Sport arkaly ýaşlarda maksat goýmak, jogapkärçilik duýgusy, düzgün-tertip, watansöýüjilik ýaly häsiýetler kämilleşýär. Bu bolsa, geljekki giň düşünjeli, ruhy we beden taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegini üpjün edýär.

Ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek boýunça amala aşyrýan syýasaty diňe bir bedeniň güýçlenmegine däl, eýsem, jemgyýetiň jebisleşmegine, sagdyn düşünjeli raýatlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Umuman, sport ulgamy Türkmenistanyň häzirki zaman döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik ösüşiniň we halkara gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde ýurdumyzyň syýasy ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Sport – bu diňe bir ýeňişleriň ýoly däl, eýsem, döwletimiziň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýan ýoly bolup durýar.

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 17 okalan

SAGDYN NESIL — YNAMLY GELJEK

27 Noýabr 2025 | 14 okalan

SPORT ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK