10-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýurdumyzda bitewi dabara hökmünde ilkinji gezek bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda harby gullukçylaryň nyzama düzülmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri hormatly Prezidentimiziň degişli harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurmak hakyndaky okan Permany halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň beýany boldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine baýdaklary hem-de Serhet gullugynyň aýry-aýry serhet birikmeleriniň söweşjeň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Milli Liderimiz bu söweşjeň baýdaklaryň Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen, ýurdumyzyň asudalygyny goramakda olaryň söweşjeň ruhuny has-da belende göterjekdigini, berkarar Watanymyza öçmejek söýgi döretjekdigini aýtdy. Dabara gatnaşyjylar Belent Serkerdebaşymyza milli goşuny, harby we hukuk goraýjy düzümleri kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.
“Nesil” gazeti,
12.05.2018ý.












