ULY ÝARYŞYŇ BOSAGASYNDA

Sportuň diňe bir sagdyn bolmakdaky däl, eýsem, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekdäki ähmiýeti hem juda uly. Geçirilýän her bir sport çäresiniň aňyrsynda adamlaryň we halklaryň bir-birege ýakynlygyny gazanmak meselesi hem ýatyr. Durmuşyň dürli ugurlarynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda, dürli sport çäreleri geçirilýär. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamy uly ösüşleriň şaýady bolýar. «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň hem ähmiýeti juda uludyr. Özünde medeni we sagdynlyk ýörelgelerini birleşdirýän şeýle çäreler jemgyýetde sagdyn durmuşýörelgesini berkarar etmäge ýardam edýär, ülkäni öwrenişiňösdürilmegini höweslendirýär, ýurdumyzyňtaryhyna gyzyklanmany has-da artdyrýar. «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi dünýäniň iň bereketli we sahawatly sähralarynyň biri bolan Garagumuň içinden geçer. Mele guma, al-elwan güllere, ýaşyl ösümliklere basyrnyp ýatan bu sähranyň ajaýyp, özboluşly tebigaty hem akylyňy haýran edýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan beýik başlangyçlary esasynda şu ýylyň başynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» welosipedli ýörişe, ylgaw ýaryşyna badalga berildi, şeýle hem halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine hem-de daşary ýurtly syýahatçylary, jahankeşdeleri gyzyklandyrýan syýahatçylyk merkezine öwrülendiginiň güwäsidir. Beýik Ýüpek ýolunyňdikeldilmegi, Türkmenistanyňbeýleki döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny we sporty has-da ösdürmekde möhüm ähmiýeti eýeleýär. Ylaýtada, awtomoto sporty täze ösüşe eýe bolýar. Şonuňüçin hem sport bilen bagly işler döwlet syýasatynyňileri tutulýan ugruna öwrülýär. Ýurdumyzda geçirilýän şeýle ýaryşlar, dabaralar köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde örän ähmiýetlidir. Bu bolsa, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport döwlet syýasatynyňileri tutulýan ugurlarynyňbiri bolup durýar. Milli sporty ösdürmek we wagyz etmek bilen bir hatarda ynsan saglygynyňgirewi bolan sporty dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiz bimöçber işleri amala aşyrýar, taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär.

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlary seçip almak hem-de türgenlere ak pata bermek üçin ýurdumyzyňajaýyp tebigy künjegi bolan Garagumuňgiňsährasyna bardy. Milli Liderimiz ýaryşyň badalga meýdançasyna baryp, awtomobil sportunyň eminleri bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Eminleriň taýýarlyk derejesi, awtoralliniň geçiriljek ugrunyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Garagumuň howa we tebigy şertleriniň ýaryşyň, geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri, aýratynlyklary hakda hem gyzyklandy. Eminler toparynyň ýolbaşçysy halkara awtoralli ýaryşyna görülýän taýýarlyk hakda habar berip, ýaryşyň geçiriljek ýerlerinde Garagumuň ekologiýasyna aýratyn uly ähmiýet berlendigini nygtady.

Soňra milli Liderimiz ol ýerdäki ýaryşa gatnaşyjylara ak pata berdi we sport ulagyna münüp, saýlama tapgyry açdy. Milli Liderimiz Garagum sährasynyň içi bilen menzil aşdy. Döwlet Baştutanymyz kesgitlenilen menzili bary-ýogy 10 minut 10,45 sekuntda ussatlyk bilen geçmegi başardy. Soňra bu ýerde Türkmenistanyňýygyndy toparlarynyňýaryşlary dowam etdi. Olar bu ýaryşlarda dürli netijeleri gazandylar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyňbu gezekki saýlama tapgyrynda dürli kysymly sport awtoulaglarynda çykyşedip, ezberlik görkezmegi hem-de ýaryşyňsaýlama tapgyryna gatnaşyjy türkmen türgenlerine nusgalyk görelde bolmagy türkmen ýaşlarynyňsportuňbu görnüşine bolan höweslerini artdyrýar. Halkara jemgyýetçiliginiňünsüni özüne çeken «Amul — Hazar 2018» awtorallisi giňgerime eýe bolýar.

“Nesil” gazeti,

15.05.2018ý.

Meňzeş habarlar