Guşuçar belentlikden gurluşyk işleriniň gidişi

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, häzirki döwürde paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gidişini synlady. Paýtagtymyzyň günbatarynda, Köşüde şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu taslama köp öýli we birnäçe gatly onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de kottej jaýlaryň gurluşygyny özünde jemleýär. Häzirki döwürde bu ýerde ýerleri tekizlemek, häzirki zaman tehnikalarynyň kömegi bilen desgalaryň binýadyny taýýarlamak we beýleki işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyry kottej we beýleki görnüşdäki häzirki zaman ýaşaýyştoplumlarynyň gurluşygyny öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçardan synlan ýene bir gurluşygy Aşgabadyň günorta bölegine, Köpetdagyň eteklerinde ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bu ýerler tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu ýerlerde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary kemala geldi. Milli Liderimiz bu ýerde Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasynyň bina edýän edara binalar toplumlarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri gördi.

Milli Liderimiz bu gezekki işsaparynyň dowamynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly ýaşaýyştoplumynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, hususan-da, kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz dikuçarda uçuşyň dowamynda ak mermerli Aşgabadyň keşbini synlady. Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik çözgüdi, nusgawy ýörelgeleriň, milli dessurlaryň we täze tehnologiýalaryň sazlaşygy bilen göreni haýran galdyrýar. Arassaçylyk, abadançylyk we tertiplilik paýtagtymyzyň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. Şeýle ýagdaýyň hemişe saklanmagy zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

* * *

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugur aldy. Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Hormatly Prezidentimiz dikuçardan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny synlady.

Häzirki zaman enjamlary we dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu kärhana her ýylda «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de EURO — 5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A — 92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Kärhana gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin, ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürer.

Hormatly Prezidentimiz uçuşy-nyň dowamynda paýtagtymyzyň çäklerinde we onuň eteklerinde Aşgabady ösdürmek, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki maksatly binalaryň, milli ykdysadyýetimiziň täze pudagynyň esasyny düzýän Owadandepedäki iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygy we oba senagatyndaky işler bilen baglanyşykly meselelere üns berdi.

“Nesil” gazeti,

17.05.2018ý.

Meňzeş habarlar