Biziň döwletimiz demokratik döwlet. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän demokratik ýörelgelerimizi gyşarnyksyz dowam etdirmek bilen, jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi, olaryň hereket etmegi, kanunlaryň dürs hem dogry ýöredilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halka daýanmak, halkyň bähbidini aramak hormatly Prezidentimiziň baş ýörelgesi bolmak bilen ata Watanymyzyň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýarys. Şonuň üçin hem ilaty hukuk taýdan goldamagyň dürli usullaryny ulanarys. Raýatlarymyzyň Konstitusiýada kepillendirilen hukuklaryny goramak boýunça işleri dowam etdiriler» diýmegi döwletiň her bir raýatyň öňündäki jogapkärçiligini üns merkezinde saklaýandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň içinden eriş-argaç bolup geçmegi bolsa häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, dürli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan geçirilýän konstitusion özgertmeleriň netijesinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2016-njy ýylda döwletimiziň Esasy Kanunynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmelerinde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ileri tutulýar. Şol ýörelgeler ýaşlary terbiýelemek boýunça halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak, umumadamzat gymmatlyklary we asylly däp-dessurlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýaş nesliň we tutuş ilatyň konstitusion hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň 55- nji maddasynda «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýip bellenilýär. Bu bolsa her bir ýaş raýatyň dogry terbiýeli, medeniýetli, durmuş taýdan işjeň we kanuna hormat goýýan jemgyýetiň kemala gelmeginiň kepilidir.
Ýaşlar türkmen jemgyýetiniň esasy bölegini düzýärler. Häzirki döwrüň ýaşlary jemgyýetiň iň işjeň bölegi bolmak bilen dürli ulgamlarda ýüze çykýan innowasion taslamalary çalt özleşdirmäge, bilimiň we ylmyň täze belentliklerine çykmaga ukyplydyrlar.
Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleri toplumlaýyn hem-de yzygiderli alnyp barylýar. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen ýaşlar babatynda gatnaşyklary kadalaşdyrmakda hukuk binýady bolup hyzmat edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şeýle kanunçylyk namalarynyň hatarynda durýar. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýär. Konstitusiýa bolsa ýaşlarda hukuk aňyýetini ösdürmek bilen, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän umumy hukuk ýörelgelere we talaplara has doly düşünmeklerini ýokarlandyrýar. Döwrüň talabyna laýyklykda özgerdilýän Esasy Kanunymyzyň kadalary ýaşlaryň Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna aňly-düşünjeli çemeleşmekleri üçin örän ähmiýetlidir.
Milli Liderimiz: «Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip, biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, ylym-bilim öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, şeýle-de ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, hukuk medeniýetini öwrenmek, kämilleşdirmek babatdaky şahsy göreldesini özlerine mekdep hökmünde kabul edýärler. Ýaş nesiller üçin döredilýän her bir mümkinçilikler giň möçberlidir. Olaryň hukuk medeniýetine bolan garaýşy we düşünjesi barha kämilleşdirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça başarjaňlyk ukyplaryny artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň kämil bolmagynda, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagynda hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde alyp barýan işleri-de hut ýaş nesliň geljekki ykbalynyň mazmunydyr.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
19.05.2018ý.












