“BEDEW” HAKYNDAKY GOŞGULAR

Magtymguly Pyragy:

At gazanar goç ýigidiň

Owal bedew aty gerek;

Gelene garşy çykmaga

Ýagşy muhapbeti gerek.

***

At aýdar: aslym zordur,

Munça gymmatym bardyr,

Üstüme münen ärdir,

Daglarda-daş içinde.

***

Seýitnazar Seýdi:

Bedew münen hassa bolsa sag olur,

Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,

Köňli hup açylan täze bag olur,

Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň.

***

Mollanepes:

Tüýsi dür toýnakly, pyýala gözli,

Gargy deý gulakly, elip dek ýüzli,

Mährap deý maňlaýly, arslan agyzly,

Gury ustuhandan serli bedewdir.

***

Ata-babaňny aýytsam, Düldüliň öz ogly sen,

Ene-mamaňny aýytsam, jenneti-reýhan ýeli sen,

Häsiýetiňi söýlesem, söýetiň söýgüli sen,

Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.

***

Annagylyç Mätäji:

Ýüzlenende ýygyryp hem ýakyny, daşy sen,

Kä ýörir sen ýer bilen, kä howanyň guşy sen,

Ara bargan alplarnyň ýow güni ýoldaşy sen,

Kylsa Mätäji guman, behişdi haýwan başy sen,

Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew.

***

Aý ýaranlar, halaýyklar,

At wepadary ýigidiň.

Geýip çyksa demir donlar,

Artar hünäri ýigidiň.

***

Berdinazar Hudaýnazarow:

Göwni galkyp, ata çykar,

Gamçy bardyr guşagynda.

Bedew münüp bilmeýäni

Ýokdur oglan-uşagynda.

***

Ýüreklere ýakyn, gözlere ýyly,

Sypamaz sagryňy del kişiň eli.

Şöhradyň – perzendi, namysyň – guly,

Ýeri, nädip, saňa «haýwan» diýeýin.

***

Gurbannazar Ezizow:

Ýanlarynda daglylaryň şeraby,

Dodak bassaň damarda gan dyňzaýar.

Zemin sarsýar bedewleriň gurbundan,

Atyň naly ýarym aýa meňzeýär,

***

Şat günüňde şatdyr ol,

Toýda şöhratyň bolar.

Magşar günüň aglanlaň

Birisi atyň bolar.

***

Kerim Gurbannepesow:

Gözüňe söwdügim, şeýle bir bedew:

Alkymy – daglaryň alkymy ýaly.

Ýakymy – bägüliň ýakymy ýaly.

Ýallary – hüýr gyzlaň çokuly ýaly.

Guýrugy – maýsanyň tolkuny ýaly.

Akyly – dananyň akyly ýaly.

***

Rehmet Seýidow:

Jeren kimin oýnap dört ýana bökýän,

Mertler bilen azat zähmetler çekýän,

Ýüwrükligne ýeller togaba çökýän

Bedewler kişňeşýär biziň illerde

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM