“GÖROGLY” EPOSYNDA BEDEW WASPY

Röwşen aýdar, ýa Jepbar,

Şahymerdan, bol medetkär!

Jylawynda iki pir bar,

Ölinçä ýoldaşdyr Gyrat.

***

Bedew atyň tarypyny aýdaly,

Her hünäri üç ýaşynda bellidir.

Bozduman aýakly, bazbent toýnakly,

Gözi dag başynda, burny ýellidir.

***

Gurbanyň bolaýyn, janym Gyratym,

Azal derýasyndan geçer günüňdir.

Dünýäde zynatym, güýjüm-kuwwatym,

Algyr laçyn kimin uçar günüňdir.

***

Bedewi saklamak, bil, zeruratdyr,

Ýigidiň ýoldaşy bir ýüwrük atdyr,

Bu dünýäde atsyz ýigit arbatdyr,

Zynhar sen Gyraty goýma höwüre!

***

Owsun urup, tor gezer sen,

Jeren gaçsa, tiz alar sen.

Gelin-gyz dek sallanar sen,

Berekella, Gyrat, saňa!

***

Näge akar gözüň ýaşy,

Batyr ýigidiň syrdaşy,

Göroglynyň baş ýoldaşy,

Neçün gara baglanar sen?

***

Atym düldüliň zürýady,

Söweş güni göwnüm şady,

Maňa köpdür ygtykady,

Atym atma, meni öldür.

***

Üstüňe salardym zer sap,

Müner erdim sagryň darap,

Juluň mahmal, torbaň zerbap,

Edenlerim halal bolsun.

***

Ýigidiň bolsa döwleti,

Goşlap gezse bedew aty,

Il içinde bor şöhraty,

Hem sowady-haty gerek.

***

Ýigidiň myrady atdyr,

Atsyz ýigitler arwatdyr,

Saklamak täji-döwletdir,

At ýigidiň goldaşydyr.

***

Aýaklaryň galdyr, nalyň kakaýyn,

Dyzyňdan aşagňa hyna ýakaýyn,

Agşam iýmiň berip, ertir bakaýyn,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM