URUŞ HAKYNDAKY GOŞGULAR

Gurbannazar Ezizow:

Aýallar

Urşa ýollap ata-agalarmyzy,

Är ýerinde är dek duran aýallar.

Ýowuz günde dogran çagalaryňyz

Sizi mydam Watan kimin aýarlar!

...Uruş öldürýärdi. Uruş bogýardy.

Adamy ýekeläp barýardy uruş.

Tylda bolsa, ýene nesil dogýardy

Tylda aýallarmyz gurýardy durmuş.

Söweş meýdanyna — bugdaýdyr arpa,

Körpelere – ak gursakdan ýyly süýt.

Sizdiňiz Watana dag ýaly arka,

Siz tyl söweşiniň merdidiňiz tüýs.

Uruş çykdy atalaryň kastyna,

Gelmediler ýakyn-garyndaşymyz.

Siziň bolsa, şu ýitgileň üstüne,

Ýene ogurlandy juwan ýaşyňyz.

Ýatandyr, gör nirde merdanlaryňyz,

Ýüreklerde goýup agyr ünjini.

Siziň dünýä berýän ynsanlaryňyz,

Eýsem, ölmek, öldürmeklik üçinmi?

Men sizi toý günem, her günem görýän,

Mydam aladadan ýüküňiz ýetik.

Siziň çagalarňyz bolsa bireýýäm

Barýarlar atalaň ýaşyna ýetip.

Çagalarňyz, mydam sizi aýarlar!

Aşyk borlar juwan-juwan gyzlara!

Siz dünýäde iň owadan aýallar!

Bu gözellik gymmat düşdi sizlere!

* * *

Ýogalýar eneler! Ýogalýar, arman,

Doýman ogullarnyň gamdyr bagtyndan.

Şeýdip, ene mährin görjek perzentler

Ýetim bolup galýar aýny wagtynda.

Söweş güni söweş donuny geýen

Çaga ýurt ykbalyn goramak ne kyn?!

Watan üçin baş goýýarlar ogullar,

Bärde enelermiz galýarlar ýetim...

* * *

Kerim Gurbannepesow:

Uruş döwrüniň enesi

Kümüş gülýaka,

Altyn bilezik,

Şelpeli gupba,

Kökenli ýüzük,

Iki teneçir,

Bir kümüş sagat

Ýeňiş fonduna

Gowuşdy sowgat.

Gupbaň içinde

Bir kiçijik hat:

«At, faşisti, at,

At, faşisti, at!»

Öňünde gol ýok.

Yzynda gol ýok,

Kimdigin henizem

Bilip bolanok.

«At, faşisti, at,

At, faşisti, at!»

Aýdyma öwrüldi

Bu kiçijik hat.

Bisowatja hat,

Ikije setir.

Ne-hä nokat bar.

Ne-de tersotur.

Garaşdyk bir gün,

Garaşdyk üç gün.

Kimiň ýazanyn

Bilmedi hiç kim.

Geçdi otuz gyş,

Geçdi otuz ýaz.

Henizem ony

Bilenok kolhoz.

Bir özi bilýär,

Onsoňam Watan...

Golsuz hat ýazsaň –

Öwren şu hatdan!..

* * *

Ene topragmyzda uruş bolmasyn,

Bolmasyn dünýäniň hiç bir künjünde.

Dünýäniň ýüzünde bir uruş bolsun –

Olam diňe her adamyň içinde.

* * *

Her kim özi bilen özi söweşsin:

Beýniniň ýalňyşyn öldürsin ýürek,

Ýüregiň ýalňyşyn beýni öldürsin! –

Şu gün ynsan üçin şol uruş gerek.

* * *

Nobatguly Rejepow:

Eneler

Dört ýyl uruş dört ýüz ýyllap ötmedi,

Dört ýyl doly gam-gussadan, ejirden

Neneňsi geçsin ol?!

Her bir öleni

Hem-de aç günleri sanap geçirseň.

* * *

Uruş döwri hem yz ýany doglanlar,

Oglanlar,

ýatlalyň klasdaşlary:

Her klasda bir ýa iki gyz bardy.

Aç, eleşan bizdik ahyr — başgasy.

* * *

Wagtam geçdi, kesmek baglap derdiňe,

Ýetişdirdi döwrüň gaýlary bizi.

Biz gyzlary saýlamandyk,

tersine

Şol gyzlar birehim saýlady bizi.

* * *

Dört ýüz ýyla dönen gohly ýyllarda

Ýurduň söýesine dönen eneler

Dört ýyllyk urşa däl,

has uly urşa

Ogul dogrup taýýarlanan ekenler.

* * *

Uruş atdan agdy,

surnaý kesildi,

Garaguşlar meýlis gurdy läşinde.

Uruş odun otlan kesindi deýin

Naýza söndi ýigitleriň döşünde.

* * *

Uruş atdan agdy,

kernaý kesildi,

Läş-läşe, döş-döşe degişip ýatyr.

Giň ýurduny dar görenler gör munda,

At gaýtarym ýere sygyşyp ýatyr...

* * *

Olja küýsäp gelen öwrüldi olja,

Doýmaz-dolmaz doldy ahyr kemini:

ÝA şeýdip aklyňa aýlanmalymy,

ÝA urşa läş bolup düşünmelimi!?

* * *

Watan, seniň bahaň ýokdur,

her bir jeň —

Seň dilenen nyrhyň diňe zerresi.

Seni basyp aljak bolup gör kimler,

Kimler söýüp pürreletdi serleri!

Üçden biri geldi jeňe gideniň,

Ýeňiş geldi özgeleriň deregne.

Ogul bir ýan oklap çybyk bedewin

Eýe çykdy atanyň at-ýaragna.

* * *

Halyl Kulyýew:

Söweşdeş dostuma
Onda biziň ikimizem çagadyk,

Gülki bilen oýun bordy kärimiz.

Garagoldyk, şadyýandyk, sadadyk

Söýmäge-de ýetişmändik häli biz.

Aşyk bolup ýörmesekde gyzlara,

Aşygydyk şadyýanja guşlaryň.

... Ine birden uruş turup jahanda,

ýüreklere urdy sansyz neşderin.

Kimler ýitirýärdi howandaryny,

Kimseler ogluny, kimler ýaryny,

A biz bolsak poçtalýondyr öýderdik

Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini.

Äpet gara sumkasyny gerdenläp,

Aýlanýarka köçeleriň hemmesin,

Howsalaly bakardylar adamlar:

- Göni gitsin...

Biziňkä bir gelmesin.

Indi-indi haýran galýan bir zada,

Gör, neneňsi işler bolýar dünýäde,

Şol poçtalýon,

Şol gazaply ýyllarda

Götiripdir şum habaryň ençesin,

Bir ölüme döz geläýmek aňsat däl,

Ol neneňsi göterdikä şonçasyn?

Kä zatlara düşünsek-de azajyk,

Kä zatlara düşünerden sadadyk,

O zeýilli gowgalary nä bilsin,

Peý wagtyna oýnap ýören çagajyk.

Aýlar geçdi täze oýun tapyldy,

«Bedew atlar» dört tarapa çapyldy.

«Awtomatly», «Bäşatarly», «jigitler»

«Ura!» diýip, öňe bakan topuldy.

Uzak frontlarda atylýan oklar

Edýärkä her günde ençeme gurban,

Biziň «urşumyzy»

Biziň «Soldatlar» Mydam

Şatlyk bilen ederdi tamam.

Günbe-günden barha artyp badymyz,

Duşmany ýakýardy biziň odumyz.

Beýik ynam bilen arman-ýadaman,

Arzuw etdik: «Arzuwlarmyz ýer alar»

Şeýdip ölmän ýeňşe ýetdik sag-aman,

Galsa-da ýürekde bitmez ýaralar.

… Dostum, indi özüň bolupsyň ata,

Dur anha çagalaň daşyňy gallap,

Ýyllar bizi köp güzerden geçirdi.

Indi biz çaga däl, biz köne soldat.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM