Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez.
* * *
Mert Hudaýdan görer, namart – ýoldaşdan.
* * *
Mert serini berer, syryny bermez.
* * *
Mert söweşde belli, dana – geňeşde.
* * *
Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan.
* * *
Mert ýigitden mert dogar.
* * *
Mert ýigitler saçak açar – at alar.
* * *
Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar.
* * *
Gury arkasyndan öl ýanar,
Mert arkasyndan il guwanar.
* * *
Namart – aş üstünde, mert – iş üstünde.
* * *
Sahy malyndan geçer, mert – janyndan.
* * *
Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy,
Ite berseň, aşyňy, it çekelär läşiňi.
* * *
Sahy berenini aýtmaz, mert sözünden gaýtmaz.
* * *
Sogany mert artsyn, käşiri – namart.
* * *
Näçe aç hem bolsa, merde ýüz tut.
* * *
It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez.
* * *
Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler.
* * *
Namardyň ýalagyny ýalandan, merdiň işigini syr.