Tymsal
Lukman atly bir gul bardy. Hojaýyny ony gaty gowy görýärdi. Şeýle bir gowy görýärdi welin, hatda bir zat iýjek bolanda-da, Lukman bilen bile iýmese, mazasy bolmazdy. Günlerde bir gün hojaýyna gawun getirip berdiler. Hojaýyn gullarynyň birini Lukmanyň yzyndan iberdi.
Lukman gelenden soň hojaýyn gawundan bir dilim kesip oňa uzatdy. Lukman hojaýynynyň uzadan hödürini işdämenlik bilen iýdi. Hojaýyn gawundan ýene bir dilim kesip, Lukmana uzatdy. Ol ýene işdämenlik bilen iýdi. “Lukman gawuny gowy görýär öýdýän” diýip pikir eden hojaýyn ýeke dilim galýança ol gawuny dilim-dilim edip Lukmana uzatdy durdy. Lukmanam her dilimi işdämenlik bilen iýdi.
Iň soňky dilime gelenlerinde hojaýyn: “Göreli hany, nähili gawunka, bi?” diýip, özi dişledi. Dişlänem şoldy welin, agzynyň içi lowlap, ot alana döndi. Gawun şeýle ajy eken.
Agzynyň ajysyny esli wagtlap aýryp bilmedik hojaýyn bir haýukdan soň Lukmana ýüzlenip:
—Eý meniň janym! Sen nädip beýle ajy zady işdämenlik bilen süýjedip iýip bildiň? — diýip sorady.
Lukman hojaýynyna:
—Men seniň eliňden onça wagtlap şeýle datly naz-u-nygmatlar iýdim welin, ýaňy şol eliň bilen beren zadyňa “Ajy eken, iýip bilmen!” diýmäge utandym. Senden gelen bir ajydan perýat etsem, ýüzlerçe gezek başyma gara toprak saçylsyn. Şükür-yhsan edýän eliň tagamy bu gawunyň tagamynda ajy goýarmy?! — diýip jogap berdi.
***
Söýgiden ajy zatlar süýjär, söýgiň täsiri bilen misler altyna öwrüler.
***
Söýgi bilen lödere durlanar, saplanar.
***
Söýgiden dertler şypa tapar, sagalar.
***
Söýgiden ölä jan girer, söýgi zerarly nije täçliler gula öwrüler.
***
Söýgiden zyndan gül bossanyna öwrüler.
***
Söýgi bilen garaňky öýlere yşyk düşer, nurlanar.
***
Söýgi sebäpli tikenler suzan bolar.
***
Söýgi bolmasa şem demire dönüp, gatar galar.
***
Söýgi bilen nar(ot) nur (yşyk) bolar.
***
Söýgiden bedroýlar hüýr-perä meňzär.