Paýhas çeşmesinden

Ygrar imanyň kildi.

* * *

Türkmen oňmaz gününe şükür eder.

* * *

Ygrary bolmadygyň, imany bolmaz.

* * *

Şükür bilen ýetilen zat şekerden süýji.

* * *

Dost arasyny söz bozar, ýer-ýurdy – suw.

* * *

Wepaly dost ýyl görmese-de, ýat bolmaz,

Biwepa dost bir gün görmese, ýat bolar.

* * *

Dostdan sözüň gizleme.

* * *

Wepasy ýoguň, haýasy-da bolmaz.

* * *

Gulluk etseň gerege, seni ýetir çörege.

* * *

Bidöwletiň ogly bolýançaň, döwletliniň guly bol.

* * *

Wepasyz dostdan wepaly it ýagşy.

* * *

Kişiniň özüne garama, sözüne gara.

* * *

Namart sözüni jomart diňlemez.

* * *

Ýigidiň sözi – ýüregiň dogany.

* * *

Adamynyň özüne bakma, sözüne bak.

* * *

Ady güwälik, sözi dogalyk.

* * *

Şükür etseň maňa, ýene biýrin saňa,

Şükür etmeseň maňa, mähnet salaryn saňa.

* * *

Öz öýüne gulluk eden uly ile beg bolar.

* * *

Öz-özüne beglik eden özüne gulluk eder.