Toý görki – bagşy, öý görki – goňşy.
* * *
At alma – eýer al, aýal alma – hossar al, ýer alma – goňşy al.
* * *
Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa.
* * *
Ody gozgasaň öçer, goňşyňy gozgasaň göçer.
* * *
Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy.
* * *
Ýan goňşym – jan goňşym.
* * *
Goňşyň hyklasa, sen ‒ çokla.
* * *
Ýagşy bilen bolsaň goňşy, işiň zowky-sapa bolar,
Ýaman bilen bolsaň goňşy, işiň jebri-jepa bolar.
* * *
Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma.
* * *
Dişiň agyrsa – çek gutul, goňşyň azar berse – göç gutul.
* * *
Donumyň syny goňşymyňky.
* * *
Garyplykdan baýan är, ýanyna goňşy gondurmaz,
Arryklykdan semrän at, ahyryna adam indermez.
* * *
Gülme goňşyňa, geler başyňa.
* * *
Goňşy – goňşynyň bazary, ýamany – il bizary.
* * *
Goňşy aşy – dişe däri.
* * *
Goňşy aşy – göwün hoşy.
* * *
Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener.
* * *
Goňşy goňşudan görk alar.
* * *
Goňşy goňşyň hem görki, hem örki.
* * *
Goňşy haky – Taňry haky.
* * *
Goňşy halyny goňşy biler.
* * *
Goňşy iti goňşa üýrmez.
* * *
Goňşy öýe kesek atma.
* * *
Goňşy towugy göze gaz bolup görner.
* * *
Goňşy töwiri rysgalyňy artdyrar.
* * *
Goňşyma dilegim düşdi, berse-de goňşym, bermese-de, goňşym.
* * *
Goňşymyň başy çişdi, gaýgysy maňa düşdi.
* * *
Goňşyň gowy bolsa, kel gyzyň äre gider,
Goňşyň ýaman bolsa, gül gyzyň göre gider.
* * *
Goňşyň kim bolsa, gudaň şol.
* * *
Goňşyň monjugyny toýda dakynsaňam, günde dakynma.
* * *
Goňşyň ýitigini yzlaş – tapylsa ýagşy, tapylmasa, göwün nagşy.
* * *
Goňşyň ýykylsa, söýget ber.
* * *
Goňşyňy goňşudan sora, ýamany – ýagşydan.