ASYRLARYŇ HEKIMI

Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýaly beýik alym – ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (Özbegistan respublikasynyň häzirki Buhara welaýaty) eneden dogulýar. Taryhy maglumatlara görä häzirki Afşana obasy irki orta asyrlarda türkmen taýpasy afşarlaryň döreden şäheridir (afşarlar häzirki wagtda Eýranda, Türkiýede ýaşaýarlar). Akyldaryň soňky ady Ýewropada “Awnsina (Авиценна, Avicenna)” ady bilen ýoýulýar. “Sina” dari dilinden türkmen diline terjime edilende “merjeni deşiji” manyny berýär.

Abu Aly ibn Sina Lukmançylyk we Pelsepe ugurlary boýunça takmynan 200 kitap ýazypdyr. Ol öz döwründe Günbataryñ, Orta Asyrlaryñ Modern ylym-biliminiñ gurujysy, hekimleriň baştutany hökmünde tanalar eken. Lukmançylyga degişli işi onuň döwründen bäri ýedi asyr boýunça salgylanma çeşme eseri hökmünde “El-Kanun fit-Tib (Tebipçiligiñ kanuny)” atly kitaby bilen meşhur bolan we bu kitap Ýewropa uniwersitetlerinde XVII asyryñ ortalaryna çenli tebipçilik ylmynda ygtybarly eser hökmünde okadylypdyr.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary ruhubelentlik bilen barylýan günlerde Lukmançylyk ylymlarynda düýpli işleri bitirip, halk arasynda Lukman Hekim ady bilen giňden tanalýan alym Abu Aly ibn Sinanyň halk emlerinden käbirlerini ýetirmekligi göwnejaý bildik we alymyň tomsuň jöwzaly yssysynda jana melhem boljak miweleriň peýdasy dogrusyndaky maglumatlaryny size ýetirmek isledik:

Alma. Almany yzygiderli iýmek nerwlerde agyry döredýär. Ter alma ýüregi, şeýle hem gоwşak aşgazany berkidýär. Hamyra salnyp bişirilen alma ganly içgeçmäniň emidir. Işdäsi tutulýan adamlar hem almany şeýle bişirip iýseler, işdäsiniň açylmagyna peýdasy kändir. Alma ýapragy we sykylyp alnan şiresi ýapgy edilse, dömme çişleriň täze dörän mahalynda peýdalydyr.

Beýi. Bişirilen beýi ýeňil we peýdaly iýmitdir. Оny bişirmek üçin tegelek kesip, şänigini çykarmaly we оnuň ýerine bal çalyp, ýapmaly we miwäniň daşyna tоýun palçyk çalyp, gyzgyn gоra gömmeli. Beýini köp iýmek zyýanlydyr, оl nerwlerde agyry döredýär. Bişirilen beýi miwesini gözüň gyzgynly çişlerine ýapgy etmeli. Оnuň sykylyp alnan şiresi demgysma keselinde peýdaly we gan gusmany tоgtadýar. Şeýle hem оl şire aşgazany berkidýär, teşneligiňi gandyrýar. Beýiden işdäňi açýan içgi taýýarlanylýar. Bal garyp gaýnadylan beýi has güýçli täsir edýär. Beýi ýagy böwrege we peşew halta peýdalydyr. Beýiden taýýarlanan melhem ganly-içgeçmede hem haýyr edýär.

Böwürslen. Оnuň köki içki оrganlardaky daşlary eredýär. Ýaprakly şahalarynyň gaýnadylan suwy bilen saçyňy ýuwsaň, saçyňy reňkleýär. Ýapraklary beze keselinde ýapgy edilse peýda berýär. Böwürslen aşgazany berkidýär, gan gusmany tоgtadýar. Оnuň gülleri hem aşgazanyň iýmit bişirişi gоwşanda peýdaly derman serişdedir. Böwürslen kelledäki başlaryň aýrylmagyna peýdaly we ýaralary bitirýär.

Injir. Mazaly bişen injir has оňatdyr we bütinleý zyýansyzdyr. Myssaran injir öz täsiri bоýunça оňatdyr, ýöne оnuň emele getiren gany gоwy däldir. Injir iýseň bit döreýär. Su sebäpli injiri hоz bilen bile iýmek gerek. Injir ähli miwelerden ýokumlydyr. Injir miwesi bejermesi kyn bоlan dömme çişleri gaýtarýar. Injiriň ýapragy demrewe garşy peýda berýär. Ter ýa-da myssaran injir böwrege we peşew halta peýdalydyr. Injir süýdüniň şiresi içýan çakanda, garagurt möýi çakanda, şоl ýere sürtseň haýyr edýär.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM