GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: “TÜRKMENISTAN – MELHEMLER MEKANY”

Türkmenistan, hakykatdan hem, melhemler mekanydyr. Tebigy taýdan gurakdan yssy howaly, ajaýyp toprakly bu mekan gündogarda dünýäniň iň iri derýalarynyň biri bolan Amyderýadan bärik abyrsyz Garagumyň içi bilen uzalyp, günortada Köpetdagyň belent gerişleri, demirgazykda Üstýurt gyrlary bilen sepleşip, günbatarda Hazaryň çal tolkunlaryna baryp ýetýär.

***

Özüniň bejerijilik häsiýeti boýunça “Berzeňňi” suwy dünýäni şuňa meňzeş iň belli şypahanalaryň birnäçesiniň suwy bilen meňzeşdir.

***

Häzirki günde Arçman şypahanasy – iri häzirki zaman sagaldyş merkezidir, Arçman kurorty häzirki günde biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem ýakyn we uzakdaky daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

***

Biziň ýurdumyzda gurulýan ähli ymaratlar halkyň eşretine we saglygyna gönükdirilendir. Bu bolsa Türkmenistany uzak ýaşlylaryň ýurduna öwrer.

***

Günbatar Köpetdagdaky “Aý daglary” atlandyrylýan täsin künjek hem bejerijilik – melhem häsiýeti bilen haýran galdyrýar.

***

Daglaryň depesinden inýän çeşme suwy jana derman, ýere melhemdir. Onuň düzüminiň köpdürlüligi özge ýerleriňkiden has tapawutlydyr.

***

Biziň daglarymyzyň howasy hem bejerijilik häsiýetlidir. “Ýyly suw” şypahanasynda bolsa tereň dag howasy mineral çeşmeleriň güýji bilen utgaşyp, adam saglygyna üýtgeşik täsir edýär.

***

Dagdan öwüsýän şemala erkana yrgyldaşýan ýaş nahallar ýakyn wagtlarda gür baglyga öwrüler. Bu bolsa “Ýyly suw” şypahanasynyň mikroklimatyny has hem gowulandyrar.

***

Baýramaly şypahanasy öz terjimehaly boýunça iň baýry bejeriş mekanydyr. Ýöne onuň täze taryhy Galkynyş zamany bilen baglydyr.

***

Çogly güneş, arassa howa – böwrek hem ýürek-damar keselleriniň bejergisi üçin tapdyrgysyzdyr.

***

Bu uç-gyraksyz sähralaryň gujagynda dermanlyk otlaryň ýüzlerçe görnüşi bitýär. Aňyrdaky dag wulkanlarynda bolsa Ýer ýüzünde seýrek duşýan läbik palçyklar bar.

***

“Farap” hemişe öz müşderilerine aňrybaş hyzmaty hödürleýär. Amyderýanyň jana şypaly kenarynda dörän “Farap” şypahanasy öz melhemlik suwy bilen köp keselleri bejerýär.

***

Sünt-Hasardagy gerişleri tämiz howasy, gür bitýän derde derman dürli ösümlikleri bilen tapawutlanýar.

***

Türkmen topragynyň içinden towlanyp akýan derýalardyr çaýlaryň kenarlarynda bitýän ösümlikleriň köpüsi dermanlykdyr.

***

Daraýydere jülgesiniň bir-birine bitişen gaýalarynyň düýbünden, ýapgyt eňňitleridir bosaga-böwetlerinden dag çeşmesi akyp ýatyr.

***

“Mirap” sagaldyş merkezi däli Jeýhunyň ugrundaky gür baglygyň içinde ýerleşýär.

***

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretdik. Ol ýer diňe merkezi Aziýanyň däl, eýsem tutuş Ýer ýüzüniň hem iň ajaýyp sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň biri bolar.

***

Tämiz deňiz howasy, altynsow öwüsýän çägeli plýažlar, sport-bedenterbiýe desgalary, açyk asmanyň astyndaky beýleki zatlar – bularyň hemmesi saglyk üçindir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 6622 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1945 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 2145 okalan

KESIR