ŞAHYRLARYŇ GOŞGULARYNDA SAGLYK BARADA

Magtymguly:

Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun.

Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,

Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,

Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun.

***

Ötenden soň, adam aňlar döwletin,

Bilmez döwlet bilen geçen nobatyn,

Çekmän kişi bimarlygyň zähmetin,

Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

***

Seýitnazar Seýdi:

Tebibiň bolmasa duçar,

Niçik şypa tapar bimar,

Hassa galyp biygtyýar —

Awy berip, harap eder.

***

Zelili:

Ganymat bil saglyk bilen gezeniň,

Dem şu demdir, biliň, özge dem bolmaz;

Bikärdir ýaltanyp, ýaman ýöreniň,

Bu bir hassalykdyr, asla em bolmaz.

***

Kemine:

Saglykda, ýigitler, baryp-gelişiň,

Dünýä öter, baryp-geleniň galar;

Bir dem ganymatdyr oýnap-gülüşiň.

Ahyry aglar sen, güleniň galar.

***

Kerim Gurbannepesow:

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:

Ylgap baryp saglyk bilen erki al.

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

***

«Saglygyň gadyryn bilsinler!» diýip,

Kesel diýilýän zat döränmiş kem-kem.

– Hemmeler Saglygyň gadyryn bilse,

Äleme inmezdim – diýýärmiş – Kesel.

***

Berdinazar Hudaýnazarow:

Men dünýäde täze bir zat görmedim,

Aýdylmadyk sözem ýok bu dünýäde.

Bize saglyk bilen sahawat gerek,

Göz dikmäli inim, başga bir zada.

***

Mäne Baba:

Şükür, teniň sapa gülşen birikdi,

Saglyk yşk gülüni seçip ugrukdy.

Çog güzeri tenňe düşdi säwlikde,

Ataş dere dönüp, ýüzden syrykdy.

***

Ýa, Rebbim, bar jandar ýaşasyn sagdyn,

Kerem saçagyňdan naz-nygmat ýygsyn!

Gyýa balasynyň tebsirän lebi –

Maýsa üste bulut süýdüni sagsyn!

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR