Ýagşy ýagşynyň gadyryna ýeter.
* * *
Ekin ekip çil çekmedik, nanyň gadyryny näbilsin.
* * *
Oduň gadyryny üşän biler, odunyň gadyryny – daşan.
* * *
Çäkmeniň gadyry ýagyşda bilner.
* * *
Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner.
* * *
Är gadyryny är biler, zer gadyryny – zergär.
* * *
A:t ýagşy, dünýä gelen zat ýagşy,
Gadyr bilmez gardaşdan, gadyr bilen ýat ýagşy.
* * *
Çagyrylan myhman – gadyrdan.
* * *
Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmese beladyr.
* * *
Gadyry başganyň garşylanyşy başga.
* * *
Gyzyl ýaly gadyrly boljak bolup, kesekden bigadyr boldum.
* * *
Işigiňden akýan suwuň gadyry ýok.
* * *
Tegeltegiň gadyryny eýesi bilmez, at biler,
Ýagşy ýigidiň gadyryny obasy bilmez, ýat biler
* * *
Ýagşy ýaryň gadyry bolmaz, bir ýamana duşmaýançaň,
Öz ýurduň gadyry bolmaz, özge ýurda aşmaýançaň.
* * *
Açlyk zaryn çekmedik, dokluk gadyryny nä bilsin.
* * *
Arynyň zäherini datmadyk, balyň gadyryny näbilsin.
* * *
At gadyryny münen biler, ok gadyryny – atan.
* * *
Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez.
* * *
Atadan galan malda gadyr ýok.
* * *
Bal gadyryny bakgal biler, zer gadyryny – zergär.
* * *
Bir ýere köp barsaň, gadyryň az bolar.
* * *
Gadyr gijesinde doglan gadyrsyz galmaz.
* * *
Gülüň biten ýerinde, gadyry ýok.
* * *
Zerräniň gadyryny bilmedik, müňüň gadyryny näbilsin.