HÜWDÜLER

Çaganyň rahat ýatmagy, sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin aýdylýan aýdymlara hüwdiler diýilýär. Hüwdülerde Allatagalanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň manysy bar we öz köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem Allanyň adynyň (Huw ýa-da Hüw) bu aýdymlaryň (Hüwdiniň) umumy adynda ornaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gadymky Huw-Hüw diýlen aňlatma soňra türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup galdy. Şeýlelikde, zikiriň adalgasy bolan hüwdi (Hüw diý) ýuwaş-ýuwaşdan täze görnüşe, mazmuna eýe bolýar.

Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar, çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär. Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar.Olar ene mährinden döreýär we özbaşdak ýerine ýetirilýär.

Hüwdüler görnüşi taýyndan lälelere kybapdaş bolsalar-da, ýerine ýetiriliş we heňi taýyndan tapawutlanýar. Halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, hüwdüleriň hem temalary taryhy şertler esasynda üýtgäp, özgerip durupdyr. Hüwdüler sada mazmunda, ýönekeý dilde döredilip, her bir bendi gutarnykly many aňladýar. Ene hüwdüsinde sena häsiýeti bar. Eneler perzentleriniň batyr, adamkärçilikli, çeper, bagtly bolmagyny arzuwlap, sena häsiýetli hüwdüleri aýdýarlar.

Hüwdi örän irki döwürde – Oguz han döwründe dörändir diýlip çaklanylýar. Onuň döreýiş taryhy – adamzat taryhynyň uzynlygyna barabardyr. Çagany kimiň hüwdüleýandigini onuň mazmunyndan aňlap bolýar. Hüwdüleriň köpüsinde ulaltma (giperbola), meňzetme (metafora) ulanylýar. Bendiň soňunda “Huwwa-huw”, “Huwwa, balam”, “Huwwa, jigim”, “Hüwdihüw” ýaly sözler gaýtalanýar.

Çagany hüwdülemegiň esasy maksady ony mähire ýugrulan mylaýym, ýakymly owazyň täsiri bilen meýmiredip, rahat uklatmakdan ybarat. Sözlerine çaganyň düşünýändigine ýa-da düşünmeýändigine garamazdan, hüwdüleriň çaga terbiýesiniň belli-belli taraplaryna gönükdirilmegi, olarda gowy gylyk-häsiýetleriň teswirlenmegi uly ähmiýete eýedir. Hüwdüleriň ýaş nesilde zähmet endigini, Watana bolan söýgüni, batyrlygy, gahrymançylygy terbiýelemekde hyzmaty uly.

Aýdylyşyna hem aňladýan mazmunyna esaslanyp, hüwdüleri esasan iki topara bölmek mümkin:

1.Çagany uklatmak maksady bilen sallançak ýanynda aýdylýan bentler.

2.Çagany söýmek, ony güýmemek maksady bilen aýdylýan bentler.

Hüwdüleriň sallançak ýanynda aýdylýan bentleri köplenç çagany ýatyrmak maksady bilen aýdylýar:

Allaý-allasy geler,

Ýatsa ukusy geler,

Uzak-uzak ýollardan,

Daýza-daýysy geler.

Huwwa-huw.

Çagany hüwdüleýän adamyň kimdigine görä, olaryň ýerine ýetirilişi dürli-dürlüdir. Eger çagany ejesi hüwdüleýän bolsa, “ballym”, “guzym” sözleri köp ulanylýar. Enesi ýa-da mamasy hüwdülese, bendiň iň soňky setirinde: “hüwdülesin enesi”, “hüwdülesin mamasy” diýlen sözler ulanylýar, olaryň mazmunynda hem üýtgeşiklikler bolýar.

Gyzlar jigilerini hüwdülände, bentleriň mazmuny biraz tapawutlanyp, bendiň soňunda hem “jigim” diýen sözler getirilýär:

Jigim jan-a ýaşynda,

Ýaşyl tahýa başynda.

Gümmürdeşer ak öýi,

Agalarynyň duşunda.

Hüwdüläýin jigimi,

Hüwwä, jigim, hüwwä-hüw.

Ýakymly aýdylýan hüwdüniň we sallançagyň yrgyldysynyň täsiri astynda çaga rahatlanýar we uka gidýär.

Mamasy, enesi agtygyny hüwdülände özleriniň çowluk-ýuwluklaryna-da ýetmeklerini arzuw edýärler:

Allaý, oglum, ataýyn,

Ogluň oglna ýeteýin.

Sen gül bolup ýetişseň,

Maksadyma ýeteýin

Hüwdi, balam, huwwa-huw,

Hüwdülesin enesi.

Çaganyň ejesiniň hüwdüsinde hem özboluşlylyk duýulýar:

Allaý-allaý, janym sen,

Köýnek biçsem, ýanym sen,

Toýda tumar bagym sen,

Günde gülüstanym sen.

Hüwdüleriň ikinji topary çaganyň ýaş aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu topardaky hüwdi bentleri çagany güýmemek maksady bilen aýdylýar. Hüwdi bentleri çagalaryň dürli hereketinde, dil açyp ugran, durak-durak wagtynda, ele alnyp, hopba edilip göterilýän döwründe aýdylýar.Bentlerde köplenç çagalarda päklige, arassalyga, zähmete bolan meýilleri ösdürmek bilen baglanyşykly arzuwlar edilýär. Halk arasynda hüwdüleriň bu toparyna çaga söýgüsi hem diýilýär:

Dagdan dişli daragym,

Arkadagym, geregim.

Şu balamy söýmesem,

Çatlap barýar ýüregim.

Hüwdüleriň mazmunyndan olaryň gyza ýa-da oglana degişlidigi derrew aýan bolýar. Oglanlaryň edermen, batyr, mergen, gerçek ýigit bolup ýetişmegi arzuw edilýär. Gyzlaryň eliniň işli, çeper, bagtly bolmagy islenilýär:

Meniň jigim gül ýaly,

Aýda dokar bir haly.

Halysynyň bitimi,

Ýüz ellidir çitimi.

Hüwdülerde myhmansöýerlik, ýoldaşyňa, ulus-iliňe wepalylyk ýaly däpler hem beýan edilýär:

Atly gelsin toýuňa,

Myhman gelsin öýüňe,

Bile gezen deň-duşlaň,

Gatanç bersin toýuňa.

Göreşsin märekeler,

Oýnasyn gelin-gyzlar.

Hüwdi bentlerinde maldarçylyk, ekerançylyk temalary-da uly orun tutýar:

Oglanym owlak bakar,

Owlagnyň alny sakar,

Günortan sürüp gelip,

Çeşmeden suwa ýakar.

Çagalaryň mergen bolup ýetişmegi-de arzuw edilýär. Awçylyk, mergençilik halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryna garanda, hüwdülerde has giň beýan edilýär. Şeýle temanyň Watan goragy üçin harby hünärleriň wagyz edilmeginde ähmiýeti uly. Hüwdi bentlerinde çagalar watançylyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýelenilýär. Watançylyk bilen baglanyşykda hüwdi bentlerinde at meselesem gozgalýar:

Meniň jigim yşansyn,

Turup, bilin guşansyn.

Müň tümenlik aty bar,

Duşman ondan üýşensin.

Hüwdi bentlerinde geljekde ýakyn garyndaşlary bilen saçakly gatnaşmak hem arzuw edilýär:

Goltugy giň saçakly,

Mamasy gelsin toýna.

Boýny öýme seçekli,

Daýzasy gelsin toýna,

Alagöz giň gujakly,

Ýeňňesi gelsin toýna.

Hüwdüleri döreden gelin-gyzlara wenger syýahatçysy A.Wamberi uly baha beripdir. Ol: “Türkmen aýallary ýaly göreldeli, ýagşylygy isleýän, maşgala eşreti üçin, hatda özleriniň janyndan hem geçýän, şolar ýaly armazak aýallary men Gündogaryň hiç bir ýerinde-de gören däldirin” diýip ýazýar. Türkmen hüwdüleriniň ýörite ýygyndysy 1947-nji ýylda Aşgabatda, 1948-nji ýylda-da Türkmenbaşyda neşir edildi.

Ýurt Garaşsyzlygy halk döredijiliginiň hüwdi žanrynyň kämilleşmegine giň ýol açdy. Häzirki hüwdülerde aýal-gyzlar bagtly we şatlykly durmuşy wasp edip, çaganyň oňat döwürde ösüp-ulalýandygyna guwanýar.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR