ZAMAHŞARYNYŇ «ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY» KITABYNDA NADANLYK HAKDA

Ähli ýaramaz işleriň we ýaramaz endikleriň gözbaşy nadanlykdyr.

***

Bir şahyr şeýle diýýär:

Nadan bolsa ene-atanyň biri,

Hökman ýeter balasyna täsiri.

***

Alymyň nadanlykdan üstün çykmagyndan ylmyň nadandan üstün çykmagy has gowudyr.

***

Akyl eýeleri öz aralarynda tiz düşünişerler. Emma samsyk adam bilen ne akylly, ne-de samsyk düşünişip biler. Muňa mysal, göni agajy göni agajyň ýanynda goýsaň, ikisi deň gelip, dogry durarlar. Emma egri agaç bolsa ne göni agaç bilen, ne-de egri agaç bilen dogry durar.

***

Bir çarwa ogluna: «Ýagyr eşek bolgun, wagşy möjek bolgun, öý goraýan it bolgun, emma nadan adam bolmagyn» diýýär.

***

Bir çarwa: «Eger-de biziň aramyzda ýalan, ýalňyş sözleýänler bolmasa, dogry sözliniň gadyry bilinmezdi» diýýär.

***

Nadan adama edep-ekram öwretmek, oňa tälim bermek, hasyl bermejek daşly ýere tohum taşlan ýalydyr.

***

Bir dana: «Nadan adam arzuw edende-de biderek zatlar hakynda arzuw eder» diýýär.

***

Samsyk, nadan adama subutnamanyň derkarlygy ýokdur. Subutnamalar onuň üçin gury sözdür.

***

Bir dana: «Gürläniňde goýberilen ýalňyşlygy şolbada düzedip bolar. Emma durmuşda goýberilen säwligi düzetmek kyndyr» diýýär.

***

Alym, şahyr, serkerde we belli emirleriň biri Abu Eswet Duweli: «Akylly, alym adama ezýet berjek bolsaň, ony samsyk, nadan adam bilen söhbetdeş edäýmeli» diýýär.

***

Günä işler uly bir gala bolsa, ýalňyşlyk bu galanyň açarydyr.

***

Bir akyldar: «Samsyk, nadan adam gymmat bahaly zadyň gymmatyna, onuň nepisligine düşünmez. Manyly çeper gürrüňlere diňe pähimli, düşbi adam akyl ýetirip biler» diýýär.

***

Nadan adam bolmadyk wakalary özünden toslap, başgalara gürrüň berýär. Soňra şol gürrüňlere özi hem ynanýar.

***

Bilenini ile öwretmedik nadandyr.

Öňki makala

HÜWDÜLER

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR