Magtymguly Pyragy:
Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma;
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma.
***
Aýralyk oduna ýanyp-bişmeýen,
Zalymlar elinden ülke aşmaýan,
Watandan aýrylyp, ýalňyz düşmeýen
Ülkesinde il gadryn näbilsin.
***
Mäne Baba:
Gam üste gam, dagda daş üste daş deý,
Başda söwdam dagda peleň deý joşdy.
Watandan aýrylyp, gurbatda galdym,
Ýolbars deňze, läheň boş derä düşdi.
***
Seýitnazar Seýdi:
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!
***
At, ýaragyň şaý edilsin ýol üçin,
Bagda bilbil, degresinde gül üçin,
Watan üçin, abraý üçin, il üçin
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!
***
Zelili:
Aýdar Zelili biçäre,
Günde ýüz köý geler sere,
Her kim düşse garyp ýere,
Zarlar, «watan, il» diýp aglar.
***
Howp aldy aklyň öýüni,
Aldyrdyk iliň ýerini,
Indi watanyň şükrüni,
Ýagşy bilen ýaly boldum.
***
Gurbannazar Ezizow:
Aglaly, bile güleli!
Myrat tapsyn maksat tutan.
Biz näm bolsak şo bolaly.
Bolsa bolýar, Eziz Watan!
***
Kök urupdyr saňa juwan ýüregim!
Sen-dostum, söýgim sen, ilen-gatanym.
Seniň bilen men mukaddes nikaly
Seniň bilen, meniň agras Watanym!
***
Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa urup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.
***
Keşt edip ýörüs biz ýakyny-ýady,
Der ysyna mäjum edip köýnegi.
Şeýdip, öwrenýäris teşnelik bilen
Öz iliňi, Watanyňy söýmegi.
***
Kerim Gurbannepesow:
Erkiň-ygtyýaryň, elbetde, seňki,
Ýöne weli dälsiň özüň özüňki!
Özüň – Watanyňky, Watan – biziňki.
Seni Watan kimin
Gabanşym besdir...
***
Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip gezmedim adam öňünde.
Diňe Enem, Atam, Watan öňünde
Üç büküldim.
Aýry kysmat küýsemen.
***
Watana söýgümi,
Halka söýgümi,
Ýa dosta söýgümi,
Ýa gözel gyza –
Hemmesi üçinem Kämillik gerek.
Kämilliksiz söýgi bolmandyr öňem.
Ýokdur ol häzirem, ertirem bolmaz.
Diňe kämil söýgi Hasraty ýeňer.
***
Halyl Kulyýew:
Meniň saňa diýjek zadym,
Aýagyn il çöregini.
Ömür Watan topragyna
Bagyşlagyn ýüregiňi.
***
Berdinazar Hudaýnazarow:
Bu topragyň Watan diýen ady bar,
Ony dilde kän gaýtalap ýörmäň siz.
Oňa tagzym ediň, egip başyňyz,
Göze ýaş aýlansyn – aýyp görmäň siz.
***
Öz erkini ele aldy bu Watan.
Belent tutuň Aý-ýyldyzly Baýdagyn.
Arzuw edýän: golaýlaşan asyrda
Hernä hasyl bolsun ähli aýdanym!