ATAMYŇ DURMUŞ HAKDA AÝTMADYK ZATLARY

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi Doktor Ahmet Züweýlden hakyky alymyň aýratynlyklary we çyn alym bilen alymsumagy nähili tanamalydygyny sorapdyrlar.

“Eger-de özüniň beýikdigi, başarnyklydygy, ylymlydygy, asyllydygy hakda söz açýan bolsa, ony diňläbem oturmaň. Çünki hakyky alymlar ylymda bir basgançak ýokary galdygysaýy öňlerinde özleriniň bilmeýän, özlerine düşnüksiz giden bir giňişligiň peýda bolýandygyny görýärler. Melekut äleminiň ýanynda öz bilýänleriniň peşe ganatyça hem ýokdugyna göz ýetirýärler. Ylym we magryfet deňzinde sadaja bir nokatdyklaryna düşünýärler” — diýip, ol jogap beripdir. Beýikligiň möhüm esbaplarynyň biri — durmuş mekdebinde hemişe okuwçydygyňy unutmazlyk. Beýiklere mahsus bir häsiýet — olar öz bilýän zatlarynyň çäginde hereket edýärler we aň-düşünjeleriniň gurşaýan zatlaryny okap bilmäge ukyply bolýarlar.

Jemgyýetiň iň haýyrly adamlarynyň biri — bilýän zadyna asylly amal edýän alymlar. Beýiklige eltýän esasy derwezeleriň biri hem ylym-bilim öwrenmeklik. Öwrenmeli, bilmeli, özleşdirmeli, ýöne hernäçe sowatly bolsaňam, ulumsylyk edip, gaýşaryp ýörmek gelşiksiz. “Ökdeden ökde bar” diýlen sözi hem ýatdan çykarmaly däldir.

Öz ýeten derejesi bilen buýsanyp, temegini göge dikýänler, wagtal-wagtal özgeleriň ýanynda gazanan zatlaryny ýatlap oturýanlar, aň ýetiren, öwrenen zatlaryny nygtaýanlar we özi bilen magtanýanlar — olar aslynda köňüllerindäki boşlukdan we öz başarnyklaryna ynamsyzlyklaryndan ejir çekýän adamlardyr. Üstesine, olar barlykdaky esasy hakykatdan bihabar adamlar, çünki ylma, hakykata, magryfete doly göz ýetirip bilmek adamzada berlen zat däldir. Diňe Allatagala ylym zerrelerini öwrenmegi öz halan bendesine bagyş eder.

Bir gün geler, aslynda hiç hili üns-ähmiýet berilmeýän ýönekeý adamlaryň biri olaryň hiç zat bilmeýändigini paş eder goýbär. Bu köplenç şeýle-de bolaýýar.

Şu ýerde şoňa laýyk bir wakany ýatlasym gelýär. Olaryň biri köp zat bilýändigine hondanbärsi bolýan adam, beýlekisi akylly we üşüklidigine garamazdan, düşbüligi her göze ilmeýän ýönekeý adam. Günleriň birinde bir çagajyk dellekhanalaryň birine giripdir. Ony göreninden, dellek kinaýa-ýaňsy bilen ýylgyrypdyr. Öňünde oturan adamyň gulagyna pyşyrdap: “Ine, şu çagajyk dünýädäki iň samsyk çaga! Häzir garaş, men sözümi subut edeýin” — diýipdir. Soňra dellek çagajygyň ýanyna barypdyr. Bir eline bir manatlyk pul, beýleki eline elli teňňelik pul goýupdyr-da: “Hany, körpe, şu ikisinden haýsy birini saýlajak?” — diýipdir. Çagajyk elli teňňelik puly saýlapdyr we gidipdir.

Dellek ýene-de kinaýaly ýylgyrypdyr, bu täsin tejribesi üçin özünden hoşallyk bilen gülüpdir. Öňünde oturan müşderisine garap: “Aýtdyma saňa, bu iň samsyk çaga diýip. Ol her gezek gelende şol bir hereketlerini gaýtalaýar. Hemişe az mukdardaky puly saýlaýar” — diýip, loh-loh gülüpdir.

Saçyny bejerdeninden soňra, ýaňky adam dellekhanadan çykypdyr we oglanjygy gözläp tapypdyr. Ol süýji dükanynyň agzynda duran ekeni. Elindäki puluna işdäsi alan, iýesi gelen halwalaryny satyn alanyndan soňra, ýaňky adam çagajygyň ýanyna barypdyr. Özüni biynjalyk eden soragy beripdir: “Sen näme üçin her gezek has köp puly alyp bilýärkäň az mukdardaky puly saýlaýarsyň?” — diýipdir. Oglanjyk ol adamyň gözlerine dikanlap seredip: “Eger-de ondan bir manat puly alan günüm ol meniň bilen oýun oýnamagyny bes eder. Onsoňam, şol alan pulum maňa bir günlük süýji satyn almagyma ýetýär. Artykmajy özümde duranyndan, goý, ony dellekçi daýy saklap bersin” — diýipdir. Ol adam bu jogaba — bu herekete haýran galypdyr.

Pespällik hem Allatagalanyň bagyş eden rysgy. Ulumsylyk we hondanbärsilik bolsa kem-kem uçuda golaýlaşdyrýan ýaramaz häsiýet. “Men, men” — diýip, diňe özüni bilýän adamlaryň ahyrsoňunda niçiksi duzaga düşýändiklerine durmuş şaýat. Olar dünýäni özi hakdaky gürrüňlerden, söhbetlerden doldurýarlar, üstesine özlerini aşa akylly görkezjek bolup, gözden düşýärler. Soňra ol adama gözler öwrenişýär we gaýta äsgermän geçýärler, üstünden gülýärler. Ymam Şapygynyň bize duýduryp aýdan bir sözi bar: “Kimde-kim özüne degýän gymmatyndan ýokary baha berse, barybir Allatagala ony hakyky bahasyna gaýtaryp getirer”.

Pespälligi özüne hemra edinen adamlar hakyky beýiklerdir.

Dostum, özüne magrur ýaňky dellek ýaly akmak bolma! Özündäki “ýiti üşüge” daýanyp, beýlekileriň ýalňyşlyklarynyň üstünden gülýän dellek ýaly bolma. Hyýal dünýäsinde ýaşap, pöwhelik ýollarynda gezseň, beýlekiler seni oýnar ýörerler.

Mahlasy, beýikligiň aňry çägini, kemalyny Alladan başga bilýän ýok. Her näçe üşügiň, zehiniň, akylyň, sowadyň bolsa-da, özüňe ýa-da öz edýän işleriňe magrur bolma, gomparma, hondanbärsi bolup, hekgerip gezme. Pespällik diwaryndan arkaňy aýyrma. Şonda Allanyň ýollan beýikligi, abraý-şerepi we mertebe-derejesi sen talap etmezdenem, öz-özi gaşyňa geler we başyňa gonar.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR