TÜRKMEN MILLI OÝNY “AÝTEREK – GÜNTEREK”

Oýna taýýarlyk. Oýunçylar deň sanda iki topara bölünip, olar biri-birinden 10–15 metr uzaklykda, biri-biriniň elinden tutup, ýüzbe-ýüz durýarlar.

Oýunçynyň sany 20–30-a çenli bolup biler. Bije atyşyp, haýsy toparyň oýny birinji başlamalydygyny belli edýärler.

Oýnuň oýnalyşy. Oýny birinji başlaýan toparyň oýunçylarynyň hemmesi bir ses bilen “Aýterek” diýşip, ikinji toparyň oýunçylaryna ýüzlenýärler. Ikinji toparyň oýunçylary “Günterek” diýşip, jogap berýärler.

Soň birinji topar: “Bizden size kim gerek?” diýşip, olara ýüzlenýärler. Ikinji topar: “Saýrap duran dil gerek” diýşip jogap berýärler.

Birinji topar: “Dilleriň haýsy gerek?” diýýär.

Ikinji topar birinji toparyň oýunçylarynyň biriniň adyny tutup: “Serdar gerek” diýşip çagyrýarlar. Serdar atly oýunçy bat bilen ylgap gelip, ikinji toparyň oýunçylarynyň elleriniň arasyny üzüp geçmäge synanyşýar.

Egerde oýunçylaryň elleriniň arasyny üzüp bilse, onda ol üzen oýunçylarynyň birini öz toparyna alyp gidýär. Eger Serdar oýunçylaryň elleriniň arasyny üzüp bilmese, onda ol oýny şol toparyň hatarynda dowam edýär. Oýny başlamak gezegi ikinji topara geçýär. Netijede, haýsy toparyň oýunçylarynyň sany az bolsa şol toparyň utuldygy bolýar.

Oýnuň başga görnüşlerinde aşakdaky ýaly hem bolup biler:

1. Aýdylyşýan sözleri her toparyň bir oýunçysy aýdyp biler.

2. Ady tutulyp çagyrylan oýunçy elleriniň arasyny üzüp bilmese, onda şol ýerde bir oýunçynyň arkasynda durup, “olja” bolup galýar.

3. Ady tutulyp, çagyrylan oýunçy elleriniň arasyny üzüp bilse, onda bir oýunçyny öz toparyna äkidip, arkasynda durzup, “olja” edip alýar.

4. Her toparyň oýunçylary birbada “olja” alyp bilerler we öz “oljalaryny” boşadybam bilerler.

Oýnuň düzgünleri:

1. Ady tutulyp çagyrylan oýunçy garşydaş toparyň oýunçylarynyň elleriniň arasyny islän ýerinden üzüp biler.

2. Mümkin boldugyça toparlaryň oýunçylarynyň hemmesiniň ady tutulyp çagyrylmalydyr. Sebäbi munuň özi oýunçylaryň hemmesinde uly gyzyklanma döredýär, oýna işeňňir gatnaşýar, höwes oýarýar.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR