HAÝWANLARYŇ DILINDEN AÝDYLAN DANALYKLAR HAKYNDA

Günleriň birinde haýwanlaryň şasy ýolbars hassa bolýar. Möjek ýolbarsyň ýanynda bolup, oňa hyzmat edýär. Bir gün möjek ýolbarsa:

— Eý haýwanlaryň şasy, sizi görmäge tokaýyň ähli haýwanlary geldi welin tilki gelmedi? — diýýär.

Ýolbars möjege:

— Eger tilki gelse, maňa habar et — diýýär.

Tilki şagaldan möjek bilen ýolbarsyň arasynda bolan gürrüňi eşdip, ýolbarsyň halyny soramaga barýar. Ýolbars tilkini görüp:

— Ýeri tilki, meniň hassa ýatanymy eşdip ähli haýwanlar geldi welin sen gelmediňle? — diýende, tilki:

— Eý haýwanlaryň şasy, men seniň hassa bolanyňy eşdenimden, seniň ýanyňa boşgelmezlik üçin derdiňe derman gözläp, lukman, tebip goýman aýlandym — diýýär.

Ýolbars:

— Ýeri, lukmanlar we tebipler näme diýdiler onsoň? — diýende, tilki:

— Olar «Ýolbars eger möjegiň çep injiginiň süňküniň ýülügini sorsa, onuň derdi el bilen aýrylan ýaly bolar» diýdiler. Men hem şol habary bilenimden seniň ýanyňa ylgadym — diýip, sözüni tamamlap ýetişmänkä ýolbars möjege topulýar. Tilki ýolbarsyň ýanyndan çykyp, ýoluň ugrunda oturyberýär. Bir wagtdan möjek aýagynyň ganyny sarkdyryp, agsaklap tilkiniň ýanyna gelýär.

Tilki oňa:

— Eý möjek dost, indiki gezek diliňi saklamasaň, seniň beýniň ýolbarsyň derdine em bolar — diýýär.

* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *

Bir adam belka tutýar welin belka ol adamdan:

— Sen meni näme etmekçi bolýaň? — diýip soranda, ol:

— Men seni soýup, etiňi iýjek, deriňi bolsa gerek hajatyma ulanjak — diýýär.

Onda belka:

— Meniň etimi iýip garnyň doýmaz, derim hem üýtgeşik hajatyňy bitirmez. Gowusy men saňa durmuşda gerek boljak üç nesihat bereýin. Birinji nesihatymy seniň eliňdekäm, ikinji nesihaty agaja münüp we üçünji nesihaty daga çykyp aýdaryn — diýýär.

Awçy onuň diýeni bilen razylaşýar. Belka oňa:

— Hiç haçan eden işiňe ökünme — diýýär.

Awçy ony goýberýär. Belka agaja çykyp:

— Gözüň bilen görmedik zadyňa ynanma — diýýär.

Daga çykýar we:

— Eý nadan, meniň garnymda iki sany dür bardy. Olaryň her biriniň agramy ýigrimi mysgaldan geçýärdi — diýýär.

Awçy kellesini tutup ahmyr çekýär. Ol belka:

— Ýeri bolýar, üçünji nesihatyňy hem aýt — diýýär.

Belka oňa:

— Eý awçy, sen hakykatdan hem nadanyň hem baryp ýatany ekeniň. Men saňa eden işiňe ökünme diýdim. Meniň derimi we etimi ölçäniňde ýigrimi mysgala ýetjek däl ahyryn. Şonuň üçin hem meniň iki nesihatymy amal etmedik adama üçünji nesihat derkar hem däl — diýip, daga çykyp gidýär.

* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *

Bir gezek ýolbars, möjek we tilki awa-şikara çykyp, bir gulan, keýik hem-de towşany awlaýarlar. Ýolbars möjege:

— Hany bulary biziň aramyzda böl — diýýär.

Möjek ýolbarsa:

— Bu ýerde ähli zat aýan, kelle agyrdar ýaly zat ýok. Gulan saňa, keýik maňa we towşan hem tilkä — diýýär.

Ýolbars dergazap bolup, möjegi aýasy bilen urup, ony öldürýär. Soňra tilkä:

— Hany indi sen böl — diýýär.

Tilki:

— Eý ýolbars dost, maňa ähli zat has aýan, bu ýerde oýlanara zat ýok. Gulany öýlänligiňe, keýigi agşamlygyna we towşany ikindin naharyňda iý — diýýär.

Ýolbars ondan hoşal bolup:

— Tilki dost beýle bölünişigi kimden öwrendiň — diýende, tilki möjegiň maslygyna ümläp:

— Möjek dostdan — diýip jogap berýär.

* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *

Bir adam ýolbarsdan gaçyp gelişine, özüni gurruk guýa taşlaýar. Ýolbars hem onuň yzy bilen guýa bökýär. Guýynyň içinde aýy hem bar eken. Ýolbars aýydan:

— Aýy dost, sen näçe wagt bäri bu ýerde? — diýip soraýar.

Aýy oňa:

— Bir aý bäri — diýip jogap berýär.

Ýolbars oňa:

— Onda sen-ä itiň ajysyň. Gel ikimiz şu adamy böleşip iýeli — diýýär.

Aýy:

— Wah-wah-eý, bir zat iýsek gowy welin, ony iýenden soň näme etmeli?! Iň gowusy biz oňa zat diýmäli. Ynsan akyllydyr, ol bu ýerden çykmagyň aladasyny eder. Biz hem onuň arkasy bilen halas bolarys — diýýär.

Hakykatdan hem adam az salymdan guýynyň bir gapdalyny gazyp başlaýar we iki günden guýynyň daşyna çykalga edýär. Şeýdip, adamyň kömegi bilen ýolbars bilen aýy-da halas bolýar.

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR