Akyl hakykaty aýan edýän güýçdir.
***
Akyl nurdyr.
***
Akyl bedendäki gymmatbaha göwherdir we ynsan keşbiniň aýnasydyr.
***
Akyl ynsana doglanda berlip, tejribe üsti bilen onuň üsti ýetirilýändir.
***
Akyl wezir, köňül patyşadyr.
***
Akyl zerur bolan guraldyr. Akylyň kömegi bilen adamzat etmeli we etmesiz zatlary aýyl-saýyl edýändir
***
Akyl ynsany pyssy-pyjurlyk etmekden saklaýar.
***
Akyl kalpda ýa-da beýnide ýerleşse-de, akyl ynsany haýwandan tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir.
***
Ynsany kynçylykdan alyp çykjak we bela-beterden başyny gutarjak akyldyr.
***
Akyl lezzeti ― gymmatbaha lybaslar geýip, ajaýyp tagamlary iýmek lezzetinden hem lezzetlidir.
***
Alymlaryň belli bir topary akyl beýnide ýerleşýär diýse, beýleki bir topary akyl kalpda ýerleşýär diýýärler.
* * *
Zehiniň ýitiligi akylyň, ruhuň kuwwatlylygydyr.
***
Akyl ynsanyň ýaşynyň kämilleşmegi bilen gelýär.
***
Akyl sözi, ýagny gürlemegi azaldar. Eger ynsan köp gürläp başlasa, onuň akyly kemeler.
***
Lukman hekim ogluna: «Eý, oglum! Ähli ýagşy zatlaryň gözbaşy akyldan gaýdar. Meni gulçulykdan azat eden we şu derejä ýetiren akyldyr» diýýär.