“KOWUSNAMA” ESERINDE DAÝHANÇYLYK HAKYNDA

Näme ekmekçi bolsaň, wagtynda ekmelisiň, her bir ekini wagtyndan on gün öň ekseň, bir gün gijä galanyňdan has gowudyr.

***

Hojalyk abzallaryňy saz saklagyn, öküzleriňi saýlap alyp, olaryň ot-iýmini bol etgin. Süriňde hemişe ätiýaç üçin goşa öküz dursun. Sürüm wagty öküzleriň biri hassalaýsa, işiň bökdelip, ekmeli möhletiň geçmesin.

***

Ekin-tikin wagty ýeriňi birsyhly sürüp durgun, geljek ýylyň gamyny şu ýyldan edip ugragyn.

***

Ekin ekjek ýeriňi ykjam bilgin, şeýtseň, ol özüni hem eklär, seni hem. Ýer özüni ekläp bilmese, seni hem ekläp bilmez.

***

Daýhan hojalygyndan peýda göreýin diýseň, abadançylyk işleri bilen meşgul bolgun.