Gündogaryň meşhur alymy Omar Haýýam özüniň ylmy döredijilik ýoluny Buhara şäherinde (1068 — 1079 ýý) şa köşgünde başlapdyr. 1074 ýylda Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şa (1072—1092) Omar Haýýamy paýtagta Yspyhandaky obserwatoriýa ýolbaşçylyk etmäge çagyrýar. Omar Haýýamyň köşk obserwatoriýasyna çagyrylyşy barada Ibn Esir şeýle belleýär: «Yspyhanda soltan üçin obserwatoriýa gurlup, bu obserwatoriýa üçin örän uly serişde harçlanypdyr. Şol ýylda Mälik şa bilen Nyzam al-Mülk (1018—1092) obserwatoriýa Omar Haýýam bilen bir hatarda iň ökde astronomlar Abdul Muzaffar al-Isfazary, Maýmun ibn Najib al-Wasiti çagyrypdyrlar» . Mälik şa merkezi obserwatoriýasyny gurdurmak üçin, döwlet gaznasyndan ummasyz möçberde pul bölüp beripdir. Obserwatoriýany iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrmagy buýrupdyr. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen obserwatoriýada işe başlan Omar Haýýama Mälik şa tarapyndan täze senenamany düzmägi tabşyryk beripdir. XI asyrda Eýranda we Orta Aziýada ilat arasynda bir wagtyň özünde iki senenama ýöredilipdir. Bu senanamalar yslam dininden öňki otparazlaryň Gün senenamasy we araplaryň Aý senenamasydyr. Bu senanamalar ilatyň arasynda ýöredilen hem bolsa, bularyň ikisi hem takyk bolmandyr. Seljuklar döwletiniň çäginde ýöredilýän Gün kalendarynyň düzümi Otparazçylyk dini bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu senenamada Ýer Şarynyň Günüň daşyndan aýlanyşyndan ugur alnyp, 365 günden, 5 sagat, 48 sekuntdan ybarat bolupdyr. Emma Aý senenamasy bolsa, Aýyň Ýer şarynyň daşyndan aýlanyşyndan ugur alnyp, 12 aýdan 354 günden, 8 sagat 48 minut 36 sekuntdan ybarat bolupdyr.
Gündogar ýurtlaryň arap dünýäsinde yslamdan öňki dörän senenamany ulanypdyrlar. Ol senanama iki sany senenamadan ybarat bolup, iudeýleriň (ýewreýleriň) we hytaýlylaryň seneneamasy hasaplanypdyr. Bu senenama-da 24 ýyllyk sikl-döwri öz içine alyp, her ýyla 13 nji aý goşulyp, bir ýylyň ortaça dowamlylygy 365 güne deň bolan Aý-Gün senenamasy ýöredilipdir. Arap ýarymadasynda senenema bilen baglanyşykly Muhammet pygamber 631-nji ýyldan başlap, senenamasynyň goşundylaryny goşmaklygy gadagan edýär. Pygamber diňe arassa Hijri senenamasyny ýöretmekligi ýola goýýar. Hijri senenamasynyň 1-nji ýyly 622-nji ýylyň Iýul aýynyň 16-syndan başlanyp, ýagny Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göç eden döwründen ýöredilip başlanypdyr. Bu Hijri senenamasy Gün senenamasyndan ýylda takmynan 10 gün gysga bolup, 354 günden ybarat bolupdyr. Senenama boýunça uzyn ýyl bilen senelenýän. Bu maglumatlar şu aşakdaky tablisada aýdyň görkezilýär.
Musulman Aý senenamasynyň aýlarynyň atlary | Aýlaryň dowamlylygy |
Müherrem | 30 |
Sapar | 29 |
Rabi I | 30 |
Rabi II | 29 |
Jumaada I | 30 |
Jumaada II | 29 |
Rejep | 30 |
Şaaban | 29 |
Remezan | 30 |
Şawwal | 29 |
Zu al-Kaada | 30 |
Zu al Hijja | 29/30 |
Merkezi Aziýada Gün senenamasyndan giňden peýdalanypdyrlar. Bu senenama otparazçylyk dininiň adaty-däp dessurlaryna eýerilip, Güne hormat goýmakdan başlanyp, ilat arasynda giňden peýdalanylypdyr. Bu senenama laýyklykda täze ýylyň birinji güni Nowruz bolup, bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýän güni hasaplanypdyr. Merkezi Aziýada has takygy Orta Gündogarda giňden ulanylýan Gün senenamasynyň bu aýlary zodiak ýyldyzlary bilen baglanyşdyrylyp, dini däp-dessurlaryň kada-kanunlary esasynda ýerine ýetirilipdir. Bu senenamanyň günleri Günüň hereketi bilen baglanyşykly ýerine ýetirilipdir. Orta Gündogar ýurtlarynyň senenamasynda 1-nji 6 aý 31 günden, soňky 5 sany aý 30 günden, iň soňky aý bolsa, 29 ýa-da 30 günden ybarat bolupdyr. Orta Gündogar ýurtlaryna yslam dininiň ýaýramagy ol ýerde ýaşaýan halklar (Eýranyň we Orta Aziýanyň halklary) Hijri senenamasyny yslam senenamasyny döwlet derejesinde kabul eden hem bolsalar, gadymy Eýran senenamasyny, ýagny Gün senenamasyny ulanyşdan goýmandyrlar. Gün senenamasyny ekerançylyk bilen bagly işlerde ulanypdyrlar. Sebäbi Hijri senenamasy Gün senenamasyndan 10 gün gysga bolup, Aýyň Ýer şarynyň daşyndan aýlanyşyndan ugur alnypdyr. Bu senenama ekerançylyk işlerini geçirmek üçin amatsyz bolupdyr. Umuman, Hijri senenamasy döwlet resminamalarynda ulanylsa-da, gündelik durmuşda Gün senanamasyny ýöredipdirler. Bu Gün senenamasynyň aý atlary gadymy pehlewi dilinden gelip çykyp, her aýyň ady bir manyny aňladypdyr:
Zodiak ýyldyzlar toparynyň aý hasaby | Gün senenamasynyň aýlary | Biziň kalendarymyzyň degişli aýlary |
Guzy | Färwärdin | Mart — Aprel |
Öküzçe | Ordbihişt | Aprel — Maý |
Ekizler | Hurdad | Maý — Iýun |
Leňňeç | Tir | Iýun — Iýul |
Ýolbars (Şir) | Murdad | Iýul — Awgust |
Gyz | Şihriwar | Awgust — Sentýabr |
Terezi (Mizan) | Mihr | Sentýabr — Oktýabr |
Içýan | Aban | Oktýabr — Noýabr |
Keman (Abdalgolak) | Azar | Noýabr — Dekabr |
Owlak (Dag tekesi) | Daý | Dekabr — Ýanwar |
Gowa (Dolça) | Bahman | Ýanwar — Fewral |
Balyk | Isfandarmuz | Fewral — Mart |
Omar Haýýamyň ýyl senenamasy bilen baglanyşykly özgertmesi Nasyr ad-Din at-Tusiniň «Elhanyň astronomik tablisasy» diýen işinden ýerlikli peýdalanypdyr. Omar Haýýam Samarkandyň astronomlary bilen bilelikde düzülen «Guraganyň täze astronomik tablisasy» diýen atly işini taýýarlaýar.
Gündogaryň meşhur astronomy we matematigi Nasyr ad-Din Abu Jafar Muhammet ibn Muhammet Tusiniň ýazmagyna görä: «Mälik ady bilen başlanan bu täze döwrüň senenamasy, seljuklaryň görnükli soltany Mälik şanyň (1072—1092) ady bilen ýöredilip başlanypdyr». Bu senenamanyň başlangyjy Goýun zodiak ýyldyzlar toplumy bilen baglanyşdyrylyp, bahar paslyndan başlanýar. Omar Haýýamyň ýolbaşçylygynda Yspyhanyň obserwatoriýasynda «Mälik şanyň astronomik tablisasy» diýen işinde hereket etmeýän ýyldyzlar toplumynyň başlangyjy 1079-njy ýyldan başlanýar. Onuň düzümine 100 sany şöhle saçýan ýyldyzlar toplumy hem girýär. Dolanyşykda şu senenamanyň ulanylyşy XII asyrda saklanyp galan taryhy çeşmelerde hem beýan edilýär. Şol taryhy çeşmeleriň biri hem häzirki wagtda Parižiň billi kitaphanasynda saklanýar. Bu senenamanyň ýöredilip başlanyşy barada ýene-de Nasyr Muhammet Tusiniň işlerinde duş gelmek bolýar. Ol Samarkandyň astronomlary bilen bilelikde ýazan «Gürgeniň täze astronomik tablisasy» atly işinde: «Bu senenamanyň 1-nji güni 468-nji Hijri ýylyndan, ýagny Şaaban (Remezan) aýyndan başlanýar» diýip belleýär. Omar Haýýamyň düzen senenamasynyň aýlarynyň atlary Gün senenamasynyňka meňzeş görnüşde bolupdyr. Bu aý atlarynyň atlandyrylyşy gadymy pehlewi dilinde beýan edilmän, gadymy pars dilinde aňladylypdyr. Omar Haýýamyň düzen senenamasynyň aýlary ýönekeý görnüşde bolup, her aý 30 günden, ýylyň soňky aýyna (Isfandarmuza) 5 gün goşulmak bilen beýleki senenamalardan düýpli tapawutlandyrylypdyr. Senenamanyň günlerindäki şeýle ýagdaý her 4 ýyldan 7-8 gezek gaýtalanyp, 5 ýyldan bir gezek ýylyň dowamlylygy 366 günden ybarat bolupdyr. Omar Haýýamyň düzen senenamasynda doly ýyl baradaky görkezilýän maglumatlar, fewral aýynda 4 ýyldan bir gezek gelýän 29-njy gününe şeýle düşündiriş berýär. Omar Haýýamyň bu senenamasy biziň häzirki döwürde ulanýan senenamamyz bilen deňeşdirilende, 400 ýylda 99 sany uzyn ýyl (високосный год) bolup, ýylyň ortaça dowamlylygy 365,2425 gije-gündize deň bolýar. Bu bolsa takyk senenama boýunça, her ýyla 0,003 gije-gündiz ýetmezçilik edipdir. Bu bolsa 3333 ýyldan doly 1 gije-gündize deň gelýän hasaba ýetýär. Şol sebäpli hem hakykat ýüzünde Omar Haýýamyň düzen senenamasynda uzyn ýylyň (високосный год) üstünde takyk maglumatlary işlemän, diňe astronomik seljermeler arkaly seljerme berýär. Bu düzülen senenamada bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýänligi nazara alnypdyr. Muňa mysal edip, Omar Haýýam özüniň «Nowruznama» atly kitabynda şeýle belleýär: «Öňki senenamalar bilen deňeşdirilende, täze düzülen senenama 16 gün tapawut edip, görkezilen senesi boýunça yza galypdyr. Bu senenama barada görnükli seljuk soltany Mälik şa eşidip, öňki senenamalar bilen baglanyşykly uzyn ýyllaryň (високосный год) ulanylyşyny bes etmegi buýurdy» (Omar Haýýam Nişaburi. Nowruznama. Tähran. 2013. sah 83). Şol sebäpli Omar Haýýam öz senenamasynda uzyn ýyllara kän üns bermändir. Şeýlelik bilen Omar Haýýama düzen 33 öwrümli senenamasyny doly gutarnykly derejä ýetirmek başartmaýar. Sebäbi Soltan Mälik şa 1092-nji ýylda ýogalýar. Omar Haýýam bolsa, Mälik şanyň ölüminden soň, özüniň ylmy döredijilikli ýoluny Yspyhanda dowam etdirip bilmeýär. Sebäbi Yspyhandaky Omar Haýýamyň ýolbaşçylygyndaky obserwatoriýa Mälik şanyň ölüminden soň hereket etmegini bes edipdir. Muňa garamazdan, Omar Haýýamyň ömri we döredijiliginiň iň ygtybarly döwri onuň Yspyhandaky obserwatoriýa ýolbaşçylyk eden wagty hasaplanýar.
Bagtyýar TOGTAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy