Eger iýjegiň, geýjegiň, üstüňde jaýyň bar bolsa, dünýäniň ilatynyň 75 göterimden has bagtlysyň.
***
Eger hiç açlyk görmedik, ýesirlikde ezýet çekmedik bolsaň, dünýädäki 500 million adamdan has baýsyň.
***
Köp ýatmak bedeni lellim edýär, häsiýeti üýtgedýär, ynsanyň daş sypatyny tebigy halyndan üýtgedip, keselbent hala salýar.
***
Köp ýatmagyň zyýanly bolşy ýaly, az ýatmagyň hem zeleli bardyr.
***
Paýhasly adamlar gije-gündiziň üçden birini ýatyp, üçden ikisini oýalykda bolýarlar.
***
Gündiz azajyk ýat, çünki gündizi gijä öwürmek paýhaslylyk däldir.
***
Säher bilen turmaga endik etmek gerekdir. Gün doganyndan soň turan adamyň rysgaly kem bolar.
***
Öz saglygyny saklamak isleýän adam iýmitlenmegiň kadasyny gowy bilmelidir. Nahary diňe işdä bilen iýmeli. Işdäň açylan wagty ony bökdemeli däl.
***
Gyş paslynda gyzgyn naharlar iýmeli, tomsuna bolsa sowuk ýa-da ýyly naharlar iýmeli.Ýöne aşa gyzgyn ýa-da öte sowuk naharlar iýip-içmeli däl. Sussupeslik we agyr zähmet aşgazanyň iýmit bişirişini bökdeýär.
***
Nahary aşa köp iýmek, gerk-gäbe doýmak saglygyň duşmanydyr.