Magtymguly Pyragy:
Kerem etseň, kadyr alla,
Dünýälikde at islärin.
Talygym ukuda galmyş,
Bir açylgan bagt islärin.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Gurbannazar Ezizow:
Sen erkin bol,
Soňky günüňe çenli,
Isle ýigren, isle-de söý geçenňi.
Çünki birdir asman
Milliarddyr asman
Çünki erkli güni bagtlydyr ynsan.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Talantly ýat bekläň görenlerňizi,
Şeýtseň bir däl, on gözýetim aşarsyň.
Talant bilen söýüň gözellermizi —
Goý, olaryň bagtdan gözi ýaşarsyn!
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Kerim Gurbannepesow:
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Gum hem özi üçin hasyl berenok,
Suw hem özi üçin berenok tagty.
Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,
Gün hem özi üçin saçanok ýagty.
Hemmesiniň aladasy-gaýgysy –
Biri-biriniň bagty.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Halyl Kulyýew:
Arzuwyň, söýginiň, dostlugyň, bagtyň,
Ýoly bilen goý aýlansyn şarymyz.
Şeýle beýik ýoldur Adamyň ýoly ―
Şeýle beýik ýoldur biziň ýolumyz.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Berdinazar Hudaýnazarow:
Bagtlynyň gününe göriplik etme,
Hemmäň bagty çüwsün diýip tama et.
Ýüzüňi ýagta tut,
Päliňi ýagşa,
Ak arzuwlar bersin saňa hemaýat.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Bagtyň başky basgançagy
Bu jahana gelmekdedir.
Bilmän nämäň-nämedigin,
Dünýä nazar salmakdadyr.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Bagty duýýaň söýeniňde, söýleňde,
Gülki, şatlyk mekan tutsun öýlerde.
Goly çyzgap göreş tutsaň toýlarda,
Güýç görkezjek bir çukanak dyz bolar.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Nobatguly Rejepow:
Watan—gyzgyn gursagymda namysym,
Watan—ýüreginden öndüren enem.
Watan babalaryň bagyşlan bagty,—
Mukama, mähire, söýgä eýlenen.
* * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * * *
Omar Haýýam:
Ömür kitabyndan açdym bir paly,
Düşündim men ondan şeýle ahwaly:
Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň
Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.