ÝOMAKLAR – HALK DÖREDIJILIGINIŇ SÖZ BÄSLEŞIGI

Ýomaklar – degişmeler halk döredijiliginiň çaklaňja žanrlarynyň biridir. Ýomak – ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta sözdür.

Ýomaklar hemişe diýen ýaly toý-tomaşada, oturylyşyklarda gepe, ýomaga ökde iki adamyň garşyma-garşy aýdyşmagy bilen başlanýar. Ýomagyň esasy aýratynlygy – köp oýlanyp oturmazdan, garşydaşyňa jogap hökmünde “şerebeli” sözleri tapmakdyr. Ýomaklar ýaş ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Biri-birini oňat tanaýan, deň-duş adamlaryň arasynda-da ýomak atyşylýar.

Ýomaklar şahsyýeti masgaralamak, üstünden gülmek üçin ulanylmaýar. Onuň esasy maksady degişmek, gülüşmek, çeper söze türgenleşmek, wagtyňy gyzykly geçirmekdir. Söz tapyjylyk, synçylyk, gepe çeperçilikde garşydaşyňdan üstün çykyp, gülki-şatlyk döretmekdir. Olar oýun –degişmelerdir. Has takygy, iki adamyň arasyndaky söz bäsleşigidir.

Ýomaklar bir zady beýleki bir zada meňzetmek esasynda döredilýär hemde gysgadan manyly düzülýär. Meňzedilýän zat durmuşda häli-şindi göze ilip duran zatdyr.

Ýomaklar köplenç sorag hem habar sözlemlerini özünde birleşdirýän goşma sözlemlerden düzülýär. Başky sözlemde sorag, ikinji sözlemde hem oňa jogap berilýär:

Burnuň nähili, ýerçilim ýaly.

Şu mysaldan görnüşi ýaly, başky sözlemde “Burnuň nähili?” diýlip sorag berilýär, ikinji sözlemde hem oňa “Ýerçilim ýaly” diýlip jogap berilýär. Ýomaklaryň soragsyz düzülen usulyna-da gabat gelinýär:

Dodagyň gursun, sowuk alan soganyň daşy ýaly.

Şu ýerde sorag berilmezden, dodak meňzetme arkaly häsiýetlendirilýär. Iki adam garşyma-garşy oturyp ýomak atyşýar. Birinji ýomakçy: “Gözüň nähili – çakgyň çüýi ýaly” diýip aýtsa, ikinji ýomakçy hem oňa: “Gözüň nähili – çala gaçan çör ýaly”diýýär. Her bir ýomak atyşma bir tema boýunça döredilýär.

Ýomaklaryň birnäçe görnüşi bar:

1.Adamyň daş-görnüşi, keşbi bilen baglanyşykly ýomaklar:

Agzyň nähili, ýyrtylan ýanlyk ýaly.

Boýnuň nähili, almanyň sapagy ýaly.

Ýüzüň nähili, petir çöregiň ýüzi ýaly.

Kelläň nähili, kesek gysan gawun ýaly.

Dişiň nähili, ýyl aşan süňk ýaly.

Injigiň nähili, gyzylinjigiň aýagy ýaly.

2.Gylyk-häsiýet, adamyň özüni alyp barşy, işleýşi bilen baglanyşykly ýomaklar:

Ýüzüň nähili, bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly.

Sesiň nähili, turbadan çykýan ses ýaly.

Bolup durşuň nähili, gawunçynyň garantgasy ýaly.

Oturşyň nähili, doňňara daş ýaly.

Haýwatyň nähili, zemzeniň haýwaty ýaly.

Çörek iýşiň nähili, üç günüň ajy ýaly.

Işleýşiň nähili, hassalykdan galan ýaly.

Ýörişiň nähili, ýaňy aýak biten ýaly.

Bolup barşyň nähili, atylan sapan ýaly.

Sesiň nähili, göçden galan itiň sesi ýaly.

3.Adamyň egin-eşigi bilen baglanyşykly ýomaklar:

Telpegiň nähili, towugyň maslygy ýaly.

Tahýaň nähili, ýag golçasynyň dykysy ýaly.

Köýnegiň nähili, çyraň peltesi ýaly.

Aýagyňdaky ädigiň nähili, kündeli ýaly.

Ýomaklarda dürli meňzetmeler, ýaňsylamalar getirilýär. Emma onuň üçin adamyň daş-görnüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, gepleýşiniň, işleýşiniň ýomaklarda görkezilişi ýaly bolmagy hökman däldir.

Ýomaklar iki adamyň söz bäsleşigini geçirmekde, çeper eserlerde meňzetme hökmünde ulanmakda oňaýlydyr. Ýomaklar dili baýlaşdyrýar, pikiriň täsirli bolmagyna ýardam berýär. Ýaş ýetginjekde dilewarlygy, ugurtapyjylyk ukyby taplaýar.

Ýomaklary toplap, olary öwrenmegiň ähmiýeti uly. Ýomaklaryň ýörite ýygyndysy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR