“Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly X sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlaryny geçirmegiň

DÜZGÜNNAMASY

I. Ýaryşyň maksady we wezipeleri:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek we ilatyň saglygyny berkitmek, türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça geçiriljek “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmekden;

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekden we giňden ornaşdyrmakdan, sagdyn durmuşy wagyz etmekden;

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda ruhubelentligi, päkligi olaryň arasynda dostluk-doganlygy berkitmekden;

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda zehinli, güýçli, başarjaň türgenleri saýlap-seçip almak, olaryň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmekligini gazanmakdan - ybaratdyr.

II. Ýaryşyň geçirilýän wagty we düzgünleri.

Sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyryna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ilkinji tapgyrynda sportuň görnüşleri boýunça ýeňiji bolan ýygyndy toparlary gatnaşýarlar.

Sport ýaryşlarynyň jemleýji (final) oýunlary şu Düzgünnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda Aşgabat şäherindäki sport toplumlarynda we sport desgalarynda geçirilýär.

“Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmegiň umumy jogapkärçiligi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine, guramaçylyk toparyna we sportuň görnüşleri boýunça eminler toparyna tabşyrylýar.

III. Sport ýaryşlarynyň görnüşleri we gatnaşýanlaryň düzümi.

Kiçi futbol - (oglanlar) Her toparyň düzümi 10 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
Woleýbol - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 12 türgen, 1 emin.
Basketbol - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 12 türgen, 1 emin.
Ýeňil atletika - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda). Oglanlar: ylgamak-100m. estafeta-4x100m, uzynlygyna bökmek. Gyzlar: 60m, estafeta-4x60m, uzynlygyna bökmek. Her toparyň düzümi 10-adam - 5 oglan we 5 gyz we 1 tälimçi.
Stoluň üstünde oýnalýan tennis - (oglanlar we gyzlar) Toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.
Tennis - (oglanlar we gyzlar) Toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.
Suwda ýüzmek - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda). Oglanlar: 50m, erkin usulda. Gyzlar: 25m, erkin usulda. Her toparyň düzümi 2 oglan we 1 tälimçi.
Milli göreş - (oglanlar) Her toparyň düzümi 8 pälwan, 1-tälimçi we 1-emin bolup, tutluşyklar 57 kg, 62 kg, 68 kg., 75 kg, 82 kg, 90 kg, 100 kg., +100 kg agramlar derejeleri boýunça geçirilýär.
Küşt - Her toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.

IV. Gatnaşýan guramalar we ýaryşy geçirmekligiň şertleri.

Ýaryşlar sportuň görnüşleri boýunça hereket edýän halkara düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.

Jemleýji ýaryşlara ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň islendik ýaşdaky türgenlerden ybarat ýygyndy toparlary goýberilýär. Ýaryşa talyp we esger goýberilmeýär.

Ýygyndy toparlaryň düzümine şol ministrlikleriň, pudak edaralaryň işgärleri goşulmaga haklydyr. Eger-de, sportuň görnüşleri boýunça çykyş edýän toparlar ýaryşyň Düzgünnamasyny bozan ýagdaýynda, olaryň ýaryşa gatnaşmak ýa-da gatnaşmazlyk meselesini çözmek Guramaçylyk toparyna tabşyrylýar.

Ýaryşyň dowamynda ýüze çykan mesele boýunça eminler bilen gepleşigi geçirmeklik diňe toparyň wekiline ýa-da ýolbaşçysyna rugsat edilýär.

Ýaryşa gatnaşyjylar özleriniň toparlaryna degişliliginde, birmeňzeş reňkde, san belgisi ýazylan we nyşan çekilen sport egin-eşiginde goýberilýär. Toparyň tälimçileri ýaryş geçirilýän döwründe sport egin-eşiginde bolmalydyr.

V. Ýaryşyň jemlerini jemlemek.

Ýaryşda sportuň hemme görnüşleri boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýygyndy toparlarynyň çykyşlarynyň netijesini jemläp, iň köp utuk toplan topar ýeňiji diýlip yglan edilýär. Ýaryşlar toparlara bölünip geçirilýär. Jemleýji (final) ýaryşda öz toparynda I orun eýelän topar, beýleki II toparda I omy eýelän topar bilen I, II orunlar üçin bäsleşýärler. II orny eýelän toparlar bolsa III, IV orunlar üçin bäsleşýärler we ş.m. Sportuň görnüşi boýunça ýygyndy topara 1-nji orun üçin 10-bal, 2-nji orun üçin 9-bal, 3-nji orun üçin 8-bal, 4-nji orun üçin 7-bal, 5-nji orun üçin 6-bal, 6-nji orun üçin 5-bal, 7-nji orun üçin 4-bal, 8-nji orun üçin 3-bal, 9-njy orun üçin 2-bal,10-njy oryn üçin 1-bal we 10-njy orunlardan soňky eýelän toparlara 0 bal bellenilýär.

Ballaryň deň bolan ýagdaýynda toparlaryň 1, 2, 3 orunlary köp eýelän toparlaryna artykmaçlyk berilýär.

VI. Ýaryşyň çykdajylary we ýeňijileri sylaglamak.

Ýaryşlara gatnaşmak bilen baglanyşykly çykdajylar: ýol harajaty, iýmitlenmek, myhmanhana ýerleşdirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hasabyna, ýeňijileri sylaglamak, hormat haty bilen sylaglamak, sport desgalaryň kärende tölegi, eminlere hak tölemek Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.

Sport ýaryşlaryň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri bolan toparlar we türgenler (gatnaşyjylar) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite sowgady, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Kuboklar we medallar bilen sylaglanýarlar.

VII. Islegnamalary (zaýawka) tabşyrmaklygyň tertibi we möhleti.

Sportuň görnüşleri boýunça jemleýji ýaryşlara gatnaşmak üçin atma-at ýazylan hödürnamalar ýaryşyň başlamaklygyna 1 gün galanda eminler toparyna tabşyrylýar. Türgenler ýaryşyň başlamagyna 30 minut galanda ýerlerinde bolmaly. Ýaryşyň düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanşykly ýazylan arza-şikaýatlar ýaryş tamamlanandan soň 2 sagadyň dowamynda eminler topary tarapyndan kabul edilýär, 2 sagatdan gijä galdyrylyp ýazylan arza-şikaýatlar kabul edilmeýär. Kabul edilen arza-şikaýatlara eminler topary 24 sagadyň dowamynda ýazmaça jogap berýär.

Ýaryşa gatnaşýan toparyň wekilleri eminler toparyna:

gatnaşyjylar barada hökmany lukmanyň gözegçiliginden geçen, onuň razylygy we möhri bolan islegnamasy;

gatnaşyjynyň pasportynyň nusgasy;

ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarda, guramalarda işleýändigi barada kepilnama (azyndan 6-aý işlän) bolmaly.

Ýaryşyň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyk gelmeýän garşylyknamalar sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlaryň tamamlanmazyndan öň kabul edilýär. Ýaryş tamamlanandan soň hödürlenen garşylyknamalar kabul edilmeýär.

Şu düzgünnama geçiriljek sport ýaryşlaryna resmi çakylykdyr.