“Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly X sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlaryny geçirmegiň

DÜZGÜNNAMASY

Ýaryşyň maksady we wezipeleri:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek we ilatyň saglygyny berkitmek, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä derejesinde ýokary galdyrmak, ýokary derejeli türgenleriň ussatlyklaryny yzygiderli we üznüksiz ýagdaýda dowam etdirmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary derejeli sporty ösdürmek maksady bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmekden;

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekden we giňden ornaşdyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden;

Welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda ruhubelentligi, päkligi olaryň arasynda dostluk-doganlygy berkitmekden;

Welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda zehinli, güýçli, başarjaň türgenleri saýlap-seçip almak, olaryň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmekligini gazanmakdan - ybaratdyr.

Ýaryşyň geçirilýän wagty we şerti.

Sport ýaryşlarynyň jemleýji (final) oýunlary şu Düzgünnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlaryny gurnamaklyk we guramaçylykly geçirmekligiň umumy jogapkärçiligi Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine, guramaçylyk toparyna we sportuň görnüşleri boýunça eminler toparyna tabşyrylýar.

Sport ýaryşlarynyň görnüşleri we gatnaşýanlaryň düzümi.

Kiçi futbol - (oglanlar) Her toparyň düzümi 10 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
Woleýbol - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 12 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
Basketbol - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 12 türgen, 1 tälimçi we 1 emin. Ýaryş olimpiýa düzgüni boýunça geçirilýär.
Gandbol - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 12 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
Ýeňil atletika - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Oglanlar: ylgamak – l00m, estafeta 4x100m, uzynlygyna bökmek. Gyzlar: ylgamak - 60m, estafeta 4x60m, uzynlygyna bökmek. Her toparyň düzümi 12 adam - 6 oglan we 6 gyz, 1 tälimçi.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis - (oglanlar we gyzlar) Toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.

Tennis - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.

Suwda ýüzmek- (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Oglanlar: 50m, erkin usulda; Gyzlar: 25m, erkin usulda. Her toparyň düzümi 2 oglan, 2 gyz we 1 tälimçi.

MIlli göreş - (oglanlar) Her toparyň düzümi 8 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 57 kg, 62 kg, 68 kg., 75 kg, 82 kg, 90 kg, 100 kg., +100 agram derejeleri boýunça geçirilýär.
Küşt - Her toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi.
Dzýu-do - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Her toparyň düzümi 7 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, oglanlar 60 kg, 66 kg, 73 kg, 81 kg, 90 kg, 100 kg, +100 kg agram derejeleri boýunça, gyzlar 48 kg, 52 kg, 57 kg, 63 kg, 70 kg, 78 kg, +78 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

Erkin göreş - (oglanlar) Her toparyň düzümi 8 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 57 kg, 61 kg, 66 kg, 70 kg, 74 kg, 86 kg, 97 kg, 125 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

Grek-rim göreşi - Her toparyň düzümi 8 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 59 kg, 66 kg, 71 kg, 75 kg, 80 kg, 85 kg, 98 kg, 130 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

Sambo göreşi - (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) her toparyň düzümi 9 päwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, oglanlar 52 kg, 57 kg, 62 kg, 68 kg, 74 kg, 82 kg, 90 kg, 100 kg, +100 kg agram derejeleri boýunça, gyzlar 48 kg, 52 kg, 56 kg, 60 kg, 64 kg, 68 kg, 72 kg, 80 kg, +80 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

Boks - Her toparyň diizümi 10 türgen, 1 tälimçi we 1 emin bolup, ýaryş 49 kg, 52 kg, 56 kg, 60 kg, 64 kg, 69 kg, 75 kg, 81 kg, 91 kg, + 91 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

Gatnaşýan guramalar we ýaryşy geçirmekligiň şertleri.

Ýaryşlar sportuň görnüşleri boýunça hereket edýän halkara düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.

Jemleýji ýaryşlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň hökmany pasporty bar bolan 17-ýaşdan ýokary islendik ýaşdaky türgenlerden ybarat ýygyndy toparlary goýberilýär. Ýaryşa talyp we esger türgenler goýberilmeýär.

Eger-de, sportuň görnüşleri boýunça çykyş edýän toparlar ýaryşyň Düzgünnamasyny bozan ýagdaýynda, olaryň ýaryşa gatnaşmak ýa-da gatnaşmazlyk meselesini çözmek Guramaçylyk toparyna tabşyrylýar.

Ýaryşyň dowamynda ýüze çykan mesele boýunça eminler bilen gepleşigi geçirmeklik diňe toparyň wekiline ýa-da ýolbaşçysyna rugsat edilýär.

Ýaryşa gatnaşyjylar özleriniň toparlaryna degişliliginde, birmeňzeş reňkde we nyşan çekilen sport egin-eşiginde goýberilýär.

Ýaryşyň jemlerini jemlemekligiň şertleri.

Ýaryşlarda sportuň hemme görnüşleri boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýygyndy toparlarynyň çykyşlarynyň netijesini jemläp, iň köp baha toplan topar ýeňiji diýlip yglan edilýär. Sportuň görnüşi boýunça ýygyndy topara 1-nji ýer üçin 6-bal, 2-nji ýer üçin 5-bal, 3-nji ýer üçin 4-bal, 4-nji ýer üçin 3-bal, 5-nji ýer üçin 2-bal, 6-njy ýer üçin 1-bal bellenilýär.

Ballaryň deň bolan ýagdaýynda toparlaryň 1, 2, 3 orunlary köp eýelän toparlara artykmaçlyk berilýär.

Ýaryşyň çykdajylary we ýeňijileri sylaglamak.

Sport ýaryşlaryny geçirmeklik bilen baglanşykly çykdajylaryny: ýaryşlara gatnaşmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylar welaýat häkimlikleriniň hasabyna, ýeňijileri sylaglamak, hormat haty bilen sylaglamak, sport desgalaryň kärende tölegi. eminlere hak tölemek Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.

Sport ýaryşlaryň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri bolan toparlar we türgenler (gatnaşyjylar) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite sowgady, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Kuboklar we medallar bilen sylaglanýarlar.

Islegnamalary (zaýawka) tabşyrmaklygyň tertibi we möhleti.

Sportuň görnüşleri boýunça jemleýji ýaryşlara gatnaşmak üçin atma-at ýazylan sargytnamalar ýaryşa gelnen güni eminler toparyna tabşyrylýar.

Ýaryşa gatnaşýan toparyň wekilleri eminler toparyna:

gatnaşyjylar barada hökmany lukmanyň gözegçiliginden geçen, onuň razylygy we möhri bolan islegnamasyny;

gatnaşyjynyň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýazgysy bolan pasporty we onuň nusgasy bolmaly.

Ýaryşyň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyk gelmeýän garşylyknamalar sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlaryň tamamlanmazyndan öň kabul edilýär. Ýaryş tamamlanandan soň hödürlenen garşylyknamalar kabul edilmeýär.

Şu düzgünnama geçiriljek sport ýaryşlaryna resmi çakylykdyr.