«Berkarar döwletiň – ylham joşguny»

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek

«Berkarar döwletiň – ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik  Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli we dostlulkly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär.  

Ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleri wasp etmek her bir adamyň mukaddes borjudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlarymyzy çeper söz bezeýär, biz hökmany suratda ata-babalarymyzyň öz ruhlaryny siňdiren dilini kämil bilmeli. Sebäbi sözüň medeniýeti adamyň içki medeniýetini kesgitleýär” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň – ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik şu ugurlar – goşgular we poemalar, publisistik makalalar we oçerkler hem-de hekaýalar we oýlanmalar boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän, şeýle hem erkin temalar boýunça publisistik makalalar we oçerkler hem-de hekaýalar we oýlanmalar ýazan goşgularyny, hekaýalaryny, oýlanmalaryny 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň – ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 9x12 ölçegdäki (2 sany) we 3x4 ölçegdäki (6 sany) fotosuratlary, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysyny, telefon belgilerini) goşmalydyrlar.
Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.
Bäsleşigiň jemleri Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2019-njy ýylyň Iýun aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604,

Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85;

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy: 39-95-26;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň

Ilkinji Ýaşlar guramasy: 44-20-11