«Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 8-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirjek «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň hem-de ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn, ruhubelent, döredijilikli zähmete ukyply ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär. Olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga, özboluşly goşant goşmaga giň ýol açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözlerinden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, dil başarnyklaryny görkezmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 8-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigini yglan edýär.

I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bäsleşigiň deslapky tapgyrynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinden 1-2-nji orny eýelän 2 (iki) sany mekdep okuwçysy paýtagtymyzda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäsleşige orta mekdepleriň 8-11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

— bi­rin­ji tap­gyr or­ta mek­dep­ler­de 2019-njy ýylyň mart aýynyň 11-inden 30-yna çenli;

— ikin­ji tap­gy­ra mek­dep bäs­le­şiginde 1-2-nji orunlary eýelän mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Bu tapgyr etraplarda, şäherlerde aprel aýynyň 8-inden 17-si aralykda;

— üçün­ji tap­gy­ra et­rap, şä­her tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Bu tapgyr welaýatlarda we Aşgabat şäherinde aprel aýynyň 29-yndan maý aýynyň 6-syna çenli aralykda;

— jem­leý­ji tap­gy­ra we­la­ýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän mekdep okuwçylary gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Jemleýji tapgyry Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli maý aýynyň 15-inden 25-i aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

II. Bäsleşigiň şertleri:

1. «Meniň Watanym» atly tema boýunça iňlis dilinde ýurdumyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli.

2. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Watany» ýyly mynasybetli bäsleşige okuwçynyň öz taýýarlan wideoşekilini görkezip, iňlis dilinde şahyrana sözler bilen wasp etmeli (seslendirme daşynda bolmaly), (wagty 3 minut).

3. Bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan ýumuşlara jogap bermeli.

III. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň we Baş bilim müdirlikleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky Kararlary, şol mekdepden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak ýeňijiler barada maglumatlar şu aşakdaky görnüşde (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk toparyna 3 günden gijä galman tabşyrmaly.

— Mag­lu­mat (gör­nüş №1, gör­nüş №2);

— Dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­manyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;

— 2 sa­ny 3х4 öl­çeg­dä­ki su­rat;

— Oka­ýan mek­de­bin­den ke­pil­na­ma;

«Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary bahalandyrmak üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň iňlis dili mugallymlaryndan ybarat eminler topary döredilýär. Eminler okuwçylaryň her bir çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji ýeňiji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, işjeň gatnaşan okuwçylar bolsa Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79; 44-88-80;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.