YLYMLY ÝAŞLAR BERKARARLYGYŇ BINÝADY

«Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi hakyndaky Düzgünnama ýaş alymlaryň arasynda Sergi bäsle­şi­gi­niň (mun­dan beý­läk — bäsleşik diýlip atlandyrylar) geçirilişini düzgünleşdirýär.

2. Bäsleşik her ýyl geçirilip, Ylymlar gününe bagyşlanýar.

3. Bäsleşik her ýylyň iýun aýynda degişli edaralar tarapyndan bellenilen ýerde geçirilýär.

4. Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady şu aşakdakylardan ybaratdyr:

— ylym bi­len meş­gul bolýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy-barlag işlere gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak;

— yl­ma hö­wes­li ze­hin­li ýaşlary ylmy we hünär döredijiligine, ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek;

— ýaş alym­la­ryň okuw we ylmy-barlag merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklygyna ýardam bermek;

— ýaş alym­la­ryň iň go­wy yl­my we in­že­ner tas­la­ma­la­ry­ny, talyplaryň we mugallymlaryň okuw we ylmy-barlag işlerine degişli hyzmatdaşlyk taslamalaryny giňden ýaýratmak;

— önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak we halkara sergisine gatnaşdyrmak üçin has oňat işleri saýlap almak.

5. Bäs­le­şi­ge yl­my-bar­lag we ylmy taslama işini alyp barýan ýaş alymlar gatnaşyp bilerler.

6. Serginiň eksponatlary şu aşakdakylardan ybarat bolmaly:

— se­na­gat­da, ulag ul­ga­mynda, oba hojalygynda, ylymda we durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejesini şöhlelendirýän tehniki enjamlar, modeller-nusgalar, mehanizmleriň hakyky görnüşi, abzallar we enjamlar;

— teh­ni­ki iş­läp düz­me­ler — tas­la­ma­lar;

— san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti döretmekde hem-de ösüşiň täze derejelerine geçmek ýoluny salgy berýän modelleriň, maketleriň we beýleki tehniki enjamlaryň kömegi bilen görkezilýän, geljekde ulanyljak tehnikanyň görnüşi;

— hä­zir­ki za­man mag­lumat tehnologiýalaryny, kompýuterleri we okatmagyň telekommunikasiýa serişdelerini ulanyp, okuwy amaly taýdan guramagyň dürli görnüşleri we şuňa meňzeşler.

7. Serginiň eksponatlaryna umumy talaplar:

— eks­po­nat­lar ser­gi­ler üçin niýetlenen görnüşde taýýarlanylmaly we häzirki zaman dizaýnyň we estetikanyň talaplaryna laýyk gelmeli;

— ab­zal­lar we ap­pa­rat­lar işleýän görnüşinde bolmaly;

— äh­li eks­po­nat­lar ýan­gyn we elektrik howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmeli;

— eks­po­nat­la­ry­nyň he­re­ket edýän ähli bölekleri howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeli;

— eks­po­nat­lar ylym-bi­lim edarasynyň öz güýji bilen sergä getirilmeli we yzyna äkidilmeli;

— eks­po­nat­lar ka­bul ediş aktynyň esasynda serginiň jogapkär işgärine tabşyrylýar. Serginiň her eksponaty üçin pasport taýýarlanylýar (pasportyň görnüşi goşulýar).

Serginiň jogapkär işgäriniň eksponatlary bilen bilelikde şu aşakdaky resminamalar hem tabşyrylýar:

1) Enjamyň ady, işläp taýýarlamanyň döredijilik böleginiň mazmuny, işleýiş düzgüni görkezilen maglumat;

2) Gurnama resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän çyzgylar we shemalar;

3) Eksponatlar döredilende ulanylan edebiýatlaryň we çeşmeleriň sanawy;

4) Eger eksponat döredilende patent ýa-da şahadatnama bilen goralýan işläp taýýarlamalar ulanylan bolsa, onda goşmaça patentiň (ýa-da senagat nusgasy) we oýlap tapyjylyk şahadatnamasynyň nusgasy goşulýar.

8. Sergä gatnaşmak üçin sergini geçirmek boýunça Ýaş alymlar merkeziniň adyna eksponatlaryň pasportyny goşmak bilen, ylym-bilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hat ýollanylýar.

9. Sergä getirilen ähli işler hasaba alnandan soň, Merkezi guramaçylyk topary tarapyndan işlere baha bermek boýunça eminler topary (mundan beý­läk — emin­ler to­pa­ry) döredilýär.

10. Sergini geçirmegiň maksatnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

— Ser­gä hö­dür­le­nen iş­leriň eminler toparynyň gatnaşmagynda goralmagy (şunda eminler topary tehniki we tehnologiki çözgütleriň täzeçilligine, işiň aktuallygyna we amaly häsiýetine, ýaş alymlaryň köpçülikde çykyş edip bilmek endiklerine we ukyplaryna, saýlanan temanyň maksadalaýyklygyna we onuň gatnaşyjy tarapyndan esaslandyrylyşyna baha berýärler);

— Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri bilen eminler toparynyň söhbetdeşligi;

— Tas­la­ma­nyň go­ral­ma­gy üçin gat­na­şy­ja 5 mi­nut wagt berilýär. Taslamanyň ylmy işlere esaslanýandygy ýa-da taslamanyň çylşyrymlylygy bilen baglanyşykly berlen wagty uzaltmaga eminler toparyna hukuk berilýär.

11. Sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi amala aşyrar.

12. Bilimiň we önümçiligiň, ylmyň we tehnikanyň geljekde ösmegi üçin amaly gyzyklanma döretjek işleriň awtorlary, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçylary eminler toparynyň hödürlemegi boýunça diplom, Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

13. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine Ýaş alymlar merkeziniň degişli şahadatnamasy gowşurylar.

14. Bäsleşige gatnaşyjynyň berlen bahadan närazy bolan ýagdaýynda garaşsyz ekspertleriň gatnaşmagynda arza-şikaýat topary döredilýär. Topar agzany seljerip, degişli çözgüdi çykarýar. Eger berlen baha, hakykatdan-da, nädogry bolsa, eminler toparynyň goýan bahasyny üýtgetmegi teklip edýärler, şeýle ýagdaýda çözüw ses bermek arkaly amala aşyrylýar, bahanyň üýtgedilmegi barada beýan ýazylýar. Beýana arza-şikaýat toparynyň we eminler toparynyň ähli agzalary gol çekýärler. Toparyň çözgüdine täzeden seredilmeýär.

15. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri «Ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergi bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen ada eýe bolar we olara halkara sergilere gatnaşmaga, işlerini önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-29-03, 94-04-96, 44-88-79.

"Nesil" gazeti,

16.04.2019ý.